Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen ajaýyp üstünlige hem – de görülip-eşidilmedik täzeliklere çaýylan ýurdumyz hem – de Aşgabat şäheri bu günki gün dünýäniň ýüzünde iň parahatsöýüjilikli ýurt bolmak bilen bir hatarda hem – de Aşgabadyň Ýuneskonyň sanawyndaky iň gözel dizaýn şäher hökmünde öňe çykmagy bilen dünýä özüni tanatdy. Munuň diňe Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen bolmagy hem – de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk ýolýörelgesinden nusga almagy bilen amala aşmagy bolsa, bizi diýseň buýsandyrýar. Türkmenistan diýarymyzyň ähli künjünde şu ýyl Halkara Bitaraplyk baýramymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleri giňden taýýarlyklar görülýär. Şol baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde dostluk – doganlygyň üstünlikli gadamlary ýurdumyzyň halkara abraýynda oňyn ýer alýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dürli ugurlar boýunça edilýän işler halkara çäklerinde üstünlikli gadamlar bilen güýjelýär. Biziň ýurdumyzyň Halkara derejesini almagy, şeýle- de
Bitaraplyk derejesi bilen dünýä tanalmagy bolsa, halk bähbitli işlerde Hormatly Prezidentimiziň badalgalary bilen amala aşyrylmagy esasynda ýüze çykýar. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-nyň Baş Assambleýasy 12- nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýlip ykrar edilen Rezolýusiýany makullamagy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň Döwletimiz üçin edýän aladalarynyň mysaly boldy. 1995 – nji ýylyň 12 – nji dekabrynda BMG – nyň Baş
Assambleýasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy barada Rezolýusiýa kabul etmegi Garaşsyz ýurdumyzyň Bitarap bolmagynda dabaraly ädim boldy.
Elbetde gözel paýtagtymyz – Aşgabadymyzyň goýnunda ýaşaýan ilatyň sany köpeldi, ilatyň bagtyýar durmuşy öňküsinden has – da artdy.
Aşgabat bu gün Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde, ýurdumyz hem – de gözel paýtagtymyzyň ýagty gelejege tarap barýan ýoly, bagtyýar halkly ,parahatsöýüjilikli ýurt hem-de nurana gelejekli döwletiň paýtagty bolan Aşgabada öwrülmegine getirdi. Öz taryhy bilen şöhratly müňýyllyklary aşan türkmen halky bu ýyl “Halkara Parahatçylyk hem ynanyşmak ýylynda” Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna zähmet sowgatlary bilen gelýär. Şeýle – de öz taryhymyzy öwrenmekde nijeme ýollar açan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadgyna hem – de Hormatly Prezidentine buýsanjy
çäksizdir. Taryhda açylmadyk sahypalaryň jümleleriniň arasyndaky aýdylmadyk zatlary janlandyryp bilýän şahsyýetler bolýar. Olar halkyň
aňynda, hakydasynda baky saklanýar, ol şahsyýetler bilenem il tanalýar, halk tanalýar, döwletler, yklymlar tanalýar. Garaşsyzlyk ýyllary
Türkmen taryhynyň has içgin öwrenilmegi bilen taryhçylar hem – de alymlar tarapyndan açylan ylmy çaklamalardyr, subutnamalar bu gün bu topraklarda emele gelen siwilizasiýalaryň kökleriniň dünýäniň çar künjüne ýaýrandygyny subut etdi.Munuň özi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen has giňişleýin amala aşyryldy hem – de dünýä halklarynyň medeniýetine öz goşandyny goşan türkmen halkynyň hem gadymy halkdygyny subut edýän subutnamalaryň üstünden baryldy. Taryhymyzy, geçmişimizi öwrenip, nesilleri şöhratly taryhymyz bilen tanyşdyrmak biziň ýurdumyzda aýratyn sarpa mynasyp boldy. Hut Garaşsyzlyk ýyllary içinde biziň gadym taryhymyzyň ýaňy dünýä doldy. Bu ýylymyzy bolsa “Halkara parahatçylyk hem ynanyşmak ýyly”diýip, yglan edilmegi bilen dünýä halkara jemgyýetinde, taryhda, medeniýetde hem – de beýleki ugurlarda Türkmenistanyň ýeten derejeleriniň bu günki gün dünýä ýüzündäki halkara abraýyndan söz açýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen taryhymyza has çuňňur çemeleşmegiň hem- de ony ýaş nesillerimize miras goýmak babatynda edilen işleriň
naýbaşysydyr. Biziň topraklarymyzyň halkara taryhy ähmiýeti hem juda giňden ýaýarandyr. Taryhymyzy, geçmişimizi öwrenip, nesilleri şöhratly
taryhymyz bilen tanyşdyrmak biziň ýurdumyzda aýratyn sarpa mynasyp boldy. Hut Garaşsyzlyk ýyllary içinde biziň gadym taryhymyzyň ýaňy
dünýä doldy. Bu gün ýurdumyzyň iň gadymy taryhy ýerlerinden başlap, Modern şäher bolan Aşgabada çenli uzaýan gollary dünýäniň jahankeşdelerini
hem – de ylym adamlaryny haýrana goýýar. Patagtymyzyň gözelligi, onuň ösüşleri häzirki wagtda ilkinji nobatda dünýä halkara guramalarynyň, dostana ykdysady gatnaşyklary ýola goýjak ýurtlaryň hem ünsüni özüne çekýär. Türkmenistan döwletiniň gadymy Ýupek ýolunyň ugrundaky medeniýetleri we taryhy ojaklary saklaýan uly sebitdigini ýene bir gezek subut etdi. Paýtagymyz Aşgabadyň gadymy Änew topragynyň golaýynda ýerleşmegi hem taryhy kökleriň çuň baglaryny salgy berýär. Aşgabat şäheri merkez hökmünde müňýyllyklaryň dowamynda düýbi tutulan Parfiýanyň galyndy bölegidir. Çünki şalygyň nirededigine , nähili taryhy wakalary başdan geçirendigine düşünmek üçin merkezleşdirilen ýerlerde galan galyndylar, galalaryň sesi oňa şaýatlyk edýär. Änew medeniýeti bilen bagly bolan Aşgabadyň taryhyna çatylýan birnäçe ýerlerde elbetde arheologlarymyz hem – de taryhçylarymyz bu zatlaryň türkmen taryhyna degişlidiigni subut etmek bilen birlikde häzirki zaman ykdysady çemeleşmekleriň ýüpek ýolunyň ugrunda bolmagy bilen birlikde halkymyzyň milli mirasyny aýap saklamakda Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň iňňän uly orny bardygy jedelsizdir. Taryhy şahsyýetlerimiziň orny, olaryň öz taryhymyzy goramakda, halkymyzyň edermen ogul – gyzlarynyň bu günki Garaşsyz hem-de Bitarap ýurt hökmünde halkara derejesini gazanmakda edilen işleriň netijesi hökmünde ýüze çykýar. Taryhymyzy şöhratlandyrmakda we we ol şahsyýetlerimizi bu günki gün nusgalyk hökmünde ýüze çykarmakda Garaşsyzlygy gazanmagymyz biziň iň ýokary netijeli iş bitiren türkmen döwletimiziň parahatsöýüjilikli keşbiniň döremegine sebäp boldy. Hak sylan topragyň, Döwletiniň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýy her bir türkmeniň başynyň buýsanjyny asmana göterýär. Bu günki günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleriniň geçirilmegi bolsa, Halkara Bitaraplyk güniniň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyklaryň dabaralandyrylmasydyr. Türkmen halkynyň bagtyýar gelejegi üçin Halkara giňişlikde abraý alýan watanymyzyň toý – baýramlary täze öwüşginde şatlyk – dabara beslenýär. Ýurdumyzda şeýle ajaýyp baýramçylygyň bellenilýän günlerinde – Bitaraplyk baýramçylygynyň 30 ýyllyk toýuna taýýarlyk görülýän günlerde Garaşsyzlygymyz hem – de Bitaraplygymyz biziň döwletimiziň taryhy senenamalarynda öz ornuny tutandygyny aýdyň subut edýär. Türkmenistan Bitaraplyk statusyna eýe bolaly bäri ilkinjileriň hatarynda halkara derejesinde parahatçylygyň ýolýörelge bolmasyny saglaýar. Bu beýik buýsançly ýörelge bolsa elbetde bize Bitaraplygymyzyň beren miwesidir. Ak paýtgatymyzyň gül görki has – da artýar.Ilata elýeterli bahadan söwda merkezlerini gurup bermek, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň aňrybaş, hem – de dünýä standartlaryna laýyk gelýän binalarda ýaşamagyny üpjün etmek bilen bu günki gün Gahryman Arkadagymyz dünýäniň liderleriniň ýanynda Türkmen halkynyň dünýäniň dostana döwletlerine gol uzatmaga doly mümkinçiliginiň bardygyny subut etdi. Türkmen paýtagtynyň beýik Garaşyzlygymyzyň ýyllary içinde ösüşleri dünýäni haýrana galdyrýar. Munuň özi bu günki gün dünýäniň iň gözel şäherleriniň hataryna girmesini saglady. Bu bolsa, biziň başymyzy göge ýetirýär. Ak paýtagtymyzyň goýnunda- jenneti mekanda ýaşaýan halkymyz hem-de ähli welaýatlarymyzda ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli, agzybir halkymyzyň bir agyzdan döwlet ýolbaşçysynyň ak ýollaryndan ýöremegi bu gün Bitaraplygyň gadryny bilmek, parahatsöýüjilikli merkez hökmünde ilatyň rahatlygyny saglamak netijeliligi bilen bir hatarda Bitaraplygyň belli bahasynyň ýoklugyna aňry ýany bilen düşünýär. Hä. Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň -Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dekabr aýynyň başyna Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllyk dabaralaryna beslenjek Aşgabat hem – de bütün ýurdumyz taýýarlyk görýär. Gahryman Arkadgymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň halky üçin edýän aladalarynyň ýene bir gezek subut etmeginde aýdyň nusga hökmünde ýüze çykýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde paýtagtymyzyň hem- de ýurdumyzyň görkli öňküsinden has artdy. Ylalaşdyryjy hem – de dostluk – doganlyga tarap ädilýän ädimleriň ýurdy
bolan ýurdumyza jahankeşdeleriň hem – de ylym adamlarynyň saparlary hem – de olaryň rahatlygy üçin döredilýän şertler bu gün dünýä ýüzünde
iň ýokary netijeleriň birini gazanýan buýsançdyr. Hut ylalaşdyryjy merkez hökmünde özüni tanadan Aşgabadymyz Ginnesiň rekordlar kitabynda, bu gün Aşgabat Täze döwrüň – Berkarar döwletimiziň Täze eýýäminiň Galkynyşy döwründenusgalyk merkeze – dostluk merkezine öwrülmegi hem hut Bitaraplygymyzyň bize beren miwesidir. Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlanýan halkymyz bolsa , bu gün Bagtyýarlygyň röwşen gadamlary bilen öňe barýar. Baýramçylyk çäreleri bilen dabaralanýan türkmen diýarymyzyň derejesi gün- günden artýar. Bitaraplyk dabarasynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmakda medeniýet we sungat işgärleriniň hem paýy uludyr.
Abadangözel Annadurdyýewa
Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň talyby