Çereşnýa

Çereşnýa üljä meňzeş bolup, adatça ony tapawutlandyrmak hem kyndyr. Onuň miwesi sary, gyzyl, gülgüne, doýgun gyzyl reňkde bolýar. Käbir keselleri bejerer ýaly çereşnýanyň şiresinden derman hem ýasalýar. Beýleki miwelerden tapawutlylykda onuň esasy gymmaty maý aýynda ýetişmegidir. Onuň miwesi çagalar üçin peýdaly bolan A, C, R witaminlerine hem-de fosfora, kalsiýe, demire baýdyr. Çereşnýanyň düzüminde uglerod üljäniňkä garanyňda has köpdür. Çereşnýanyň şäniginden  efir we belokly maddalar alynýar. Çereşnýadan, esasan-da, mürepbe, kompot, jem taýýarlanýar. Ol guradylyp, kişmiş edilýär. Çereşnýa bagyr bilen böwrekdäki maddalaryň çalşygyny  kadalaşdyrýar. Bogunlaryň çişmesinde, guryagyryda, bogun agyryda 15 günläp onuň ter miwesini iýmek, onuň şiresini içmek we miwesinden edilen suwuny içmek maslahat berilýär. 100 gram çereşnýanyň düzüminde 84,4 gram suw, 0,8 gram belok, 0,2 gram ýag, 10,6 gram uglewod we 1,6 gram organiki kioslota  bardyr.

LIMON

Bu miwe enäniň we çaganyň saglygyny goramaga ýaramly önümleriň arasynda başdaky orunlaryň birini eýeleýär. Limonyň miwelerinde şire özleşenden soň aşgara öwrülýän turşular bardyr.Limon azotly maddalara, mineral duzlara, witaminlere şeýle hem, ýaralary mikroblardan zyýansyzlandyrýan fitonsidlere baýdyr. Bal bilen goşulyp ulanylanda miwäniň peýdasy artýar. Bu garyndy sowuklama kesellerinde oňat kömek edýär.

Annamuhammedow Öwezmuhammet
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby