Şetdaly bu ýürek-damar ulgamyndan we böwrek kesellerinden ejir çekýänler üçin peýdalydyr. Guradylan şetdaly immuniteti pes we gan azlygy bolan adamlar üçin peýdalydyr. Ýadawlygy aradan aýyrmaga we keselden soň dikelişi çaltlaşdyrmaga, ýürek-damar ulgamyny berkitmäge, bagyr we böwrekleri işjeňleşdirmäge kömek edýär.Şetdaly miwe suwunyň alynmagynda has-da köp peýdalanylýar. Şetdaly gabygy arassalaýjy serişde hökmünde ýüze sürtmek arkaly peýdalanylýar.Şol ýagdaýda düzümindäki A witamin ýüzi arassalaýar we ýüzüň tebigy reňkini gazanmagyna kömek edýàr.Şetdaly diňe bir ýakymly tagam bermän, bedeni witaminler bilen üpjün edýän süýji, şireli we reňkli miwedir. Şetdaly miweleriniň diuretik we ýumşak laksatif täsiri bar.

Şetdaly ganazlyk we gastritli näsaglar, ýürek-damar işiniň bozulmagy üçin peýdalydyr. Bu miweler sowuklama, witamin ýetmezçiligine we ýokanç kesellere garşy ajaýyp profilaktiki serişdedir. Şetdaly, esasanam, püresi, şireleri, kompotlary we konserwalary ýasamak üçin ulanylyp bilner.

Şetdaly çalt ösýän, birinji ösüş ýylynda güýçli ösýän baldaklary we gysga ösüşi bilen tapawutlanýar. Bir ýyllyk baldaklaryndan we 2-3 ýaşly topbak ýerleşen hasyl getiriji şahajyklaryndan miwe getirýär. Köp mukdarda (20-30%) miwe düwünçeklerini saklaýar. Ýagtylygy we ýylylygy köp talap edýär, gurakçylyga aram çydamly, ýöne gyş sowuga durnuksyzdyr. Şetdalynyň has sowuga çydamly sortlary -28 0 C-da hem sowuk urman saklanýar. Şetdaly ýüregiň rahat bolmagyna täsirini ýetirýär, bedeni düwnük kesellerine garşy goraýar. Şeýle-de ol iýmit siňdiriş ulgamynyň işjeňligini güýçlendirýär.

Öwezmyradowa Nurşat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby