Türkmen gawunynyň baý taryhy bar. Ony gadym döwürlerden bäri Amyderýa, Murgap, Tejen derýalarynyň ugrundaky ýaýlalarda ýetişdiripdirler. Gadymy Merwde we Köneürgençde geçirilen gazuw işlerinde ýüze çykarylan gawunlaryň tohumlary bu künjeklerde gadymy döwürlerde bakjaçylygyň ösendigine şaýatlyk edýär. Bu tagamly bakja önümini Türkmenistandan Beýik Ýüpek ýoly boýunça Ortaer deňziniň kenarlaryna, kerwenler bilen Uralyň hem-de Wolganyň aňyrsyndaky çäklere ýetiripdirler. Gawun gadymy greklere we rimlilere hem belli blupdyr. Ol arap halyflarynyň, hytaý imperatorlarynyň, hindi, eýran we ýewropa şalarynyň saçagyny bezäpdir.
Gawun witaminlere we mikroelementlere baýdyr. Baryp XI asyrda Ibn Sina gawunyň böwrekden we siýdikhaltadan daşlary çykarmaga ukyplydygy barada ýazypdyr.Türkmenistanda gawunlaryň 1000-e golaý sorty bar. Olar Gazagystanda, Özbegistanda, Eýranda we Owganystanda üstünlikli ösdürilip ýetişdirilýär.Gawunyň düzüminde kaliý, demir, B, PP, A, C witaminler we minerallar bar. Ýagynyň ýarymdoýgun däl ýag turşulary gawunyň düzüminiň 50 göteriminden gowragyny emele getirýär. Gawunyň ýany bilen sowuk suwlary, süýt önümlerini, çaly goşmak maslahat berilmeýär. Gawun ganazlykda, aterosklerozda, ýürek-damar, nerw, bagyr, böwrek kesellerinde örän peýdalydyr.
Gawun diňe bir datlylygy bilen däl, eýsem ynsan bedenine peýdaly taraplary bilen hem meşhurdyr. Onuň düzüminde köp mukdarda saklanýan ösümlik süýümleri peýdaly maddalaryň esasylarynyň biridir. Ol häzirki zaman lukmançylygynda esasan, bedeni we içegeleri arassalamak üçin ulanylýar. Gawun peşew halta, öt halta, bagra, aşgazana, içegelere oňat täsir edýär, nerw ulgamynyň işini sazlaýar, rahatlandyrýar, şeýle-de Gün şöhlesiniň ýaramaz täsirilerinden goraýar. Waharman gawunynyň ternesi inçekeseliň, öýken keselleriniň, demgysmanyň dermany hasaplanýar.
Gawuny “bakjanyň soltany” diýip mynasyp atlandyrýarlar, ol datly tagamy, ýokumly hem-de bejeriji häsiýetleri, şeýle hem adam bilen tebigaty birleşdirýän, günüň jomart çogündan döreýän altyn öwüşgünli iýmit hökmünde-de bu derejä mynasypdyr.Lukman Hekim diýlip tanalýan meşhur Ibn Sina hem türkmen gawunlarynyň dürli kesellere dermandygyny aýdyp, olary öz tebipçilik işinde giňden ulanypdyr. Sebäbi gawunlaryň düzüminde gant, karotin, S,R witaminleri, adam organizmi üçin gymmatly minerallar köp. Gawun peşew halta, öt halta, bagra, az-azdan iýilse aşgazana, içegelere oňat täsir edýär. Ol nerw rahatlygyny döredip, keýpiňi çag edýär. Gün şöhlesiniň ýakymsyz täsirini aýyrýar. Waharman gawunynyň ternesi inçekeseliň, öýken keselleriniň, demgysmanyň dermanydyr.Gadymy tebipler dürli keselleri bejermek üçin gawun iýmegi salgy beripdirler. Türkmen topragynda ýetişdirilýän tagamly gawunlar ähli döwürlerde hem belli alymlaryň, taryhçylaryň hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň ünsüni çekipdir. Gadymy ýazuw çeşmeleri türkmen gawunynyň tagamy baradaky öwgülere baýdyr. Gawun bilen türkmenleriň gadymy halk dessurlary, hekaýatlary, rowaýatlary we ertekileri baglanyşyklydyr.
Tekebaýewa Merjen
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby

RU












