Kosmiki gämi 10 minudyň dowamynda Ýeriň üstüniň 1 million inedördül kilometrini surata düşürip bilýär. Uçardan şonça meýdany surata düşürmek üçin 4 ýyl gerek bolar,geologlara we geograflara bu kär 80 ýyl iş bolardy.

Ikinji müňýyllygyň başynda (1000-nji ýyl) Ýeriň ilaty 400 million adam bolan bolsa, şol müňýyllygyň ahyrynda (1999-njy ýyl) bu san 6 milliarda ýetdi.

Iň gysga wagtlyk uruş 1896-njy ýylda hasaba alnypdyr. Şonda Angliýa Zanzibara hüjüm edýär, onuň goşuny bary-ýogy 38 minut söweşipdir.

Günorta Afrika Respublikasy dünýäde öndürilýän altynyň 3-den 2 bölegini gazyp alýar.

Dünýäde iň köp ýaýran we iň meşhur at — Muhammet.

Moskwanyň 1 millionynjy ýaşaýjysy 1837-nji ýylda doglupdyr.

Şwesiýada 300 müň adam Karlson (ýa-da Karlsson) familiýasyny göterýär.

Aýakgaplaryň ölçegi 1792-nji ýylda aýakgap ussasy Jeýms Smit tarapyndan oýlanyp tapylypdyr.

Garynjalar hiç wagt uklaýan däldirler.

Suworowyň aýdan belli sözi asyl nusgasynda şeýle bolupdyr: «Türgenleşikde agyr bolsa, söweşde ýeňil bolar».

Dünýäde iň köp ýaýran familiýa— Çang.

Ford awtomobilleriniň «T» modeli önümçilige ornaşdyrylany bäri, onuň 15 700 003 sanysy öndürilipir, olaryň hemmesi-de gara reňkli bolupdyr.

Amerikanyň Wirjiniýa ştatynyň ýaşaýjylary Karolina we Ralf Kamminsiň maşgalasynda ýedi çaga bar. Olaryň 5-siniň doglan güni 20-nji fewraldyr. Ýok, olar bäşem çaga däl. Olar dürli ýyllarda şol bir günde doglupdyr.

Kompakt-disk ortadan gyra okalýar, ýöne ýazylanda — gyradan orta.

Doňuň dykyzlygy betonyň dykyzlygyna deňeçerdir.

Ortaça bir aýal ömrüniň dowamynda 2 kilogram dodak pomadasyny ulanýar.

Iň uly sana sentilon diýilýär. Bu sanyň 600 sany noly bar. Ol 1852-nji ýylda ýazylypdyr.

Dünýäde iň meşhur zenan ady — Annadyr. Häzir millionagolaý zenan şol ady göterýär.

Elektrik akymynyň islendik bir nokadyndan 1 sekundyň dowamynda 6 242 000 000 000 000 000 sany elektronlar geçýär.

Beýik Hytaý diwaryny diwar kagyzlary bilen ýapmak üçin 15 840 000 sany kagyz düýrmegi gerek bolar.

Gurbandurdyýewa Oguljennet
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby