Suw hakykatdan-da ýaşaýşyň esasy çeşmesidir. Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar, ösümlikler we adamzat üçin suw zerur şertdir. Alymlaryň we filosoflaryň garaýyşlarynda suwuň bu esasy orny tassyklanýar.Ylmy garaýyşlar ýaşaýşyň Ýer ýüzünde, has takygy, suwly gurşawda dörändigini çaklaýarlar. Bu hadysa abiogenez diýilýär.Gadymy Ýeriň atmosferasynyň we okeanlarynyň şertlerinde ýönekeý organiki birleşmeleriň (m.m., aminokislotalar) suwda öz-özünden emele gelip, soňra has çylşyrymly molekulalara (beloklar, nuklein kislotalary) öwrülendigine ynanýarlar. Suw bu reaksiýalaryň bolup geçmegi üçin esasy serişde we gurşaw bolup hyzmat edipdir.
Käbir alymlar bolsa, ýaşaýşyň okean düýplerindäki gidrotermal çeşmeleriň (gyzgyn, minerallara baý suwlary çykarýan çeşmeler) töwereginde dörändigini çaklaýarlar. Bu ýerde ýylylyk we himiki elementler ilkinji organizmleriň emele gelmegi üçin amatly şertleri döredipdir.Türkmen halky asyrlardan bäri suwa keramat hökmünde garap gelýär.
Nakyllar: Halk arasynda “Suw damjasy — altyn dänesi”, “Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl”, we “Suw atadyr, ýer — ene” ýaly nakyllar suwuň gymmatyny we berekedini görkezýär.
Suw teşneligi gandyrýan, arassaçylygy üpjün edýän we tebigaty janlandyrýan dirilik çeşmesi hasaplanýar.Suw ähli janly organizmleriň gurluşynyň esasy bölegidir.
Adamyň bedeniniň agramynyň takmynan 65%-i suwdan ybaratdyr (käbir möhüm agzalaryňky hatda 70–90% hem bolup biler).
Suw bedendäki ähli möhüm biohimiki hadysalara (iýmit siňdiriş, madda alyş-çalyş) gatnaşýar. Iýmit maddalaryny we kislorody öýjüklere daşamakda, zyýanly maddalary bolsa bedenden çykarmakda esasy rol oýnaýar. Beden temperaturany (gyzgynlygyny) sazlamaga kömek edýär (derlemek arkaly).Suwuň sesi we hereketi asyrlardan bäri adamlar üçin rahatlyk çeşmesi bolup gelýär.
Deňziň tolkunlarynyň sesi, derýanyň akymy ýa-da ýagyşyň damjasy ýaly suw sesleri adamyň {nerw ulgamyna rahatlandyryjy}bolup täsir edýär. Bu sesler mylaýym, ritmiki bolup, beýnidäki stresi azaldýan we ukyny gowulandyrýan tolkunlary (alfa tolkunlary) döredýär.
Alymlar deňizleriň, kölleriň ýa-da hatda basseýnleriň golaýynda bolmagyň adamlaryň bagtyýarlyk duýgusyny ýokarlandyrýandygyny we aladasyny azaldýandygyny tassyklaýarlar. Suwuň gök reňki we arassa görnüşi içki parahatçylygyny döredýär.Köp medeniýetlerde suw arassalyk we täzeleniş bilen baglanyşykly.
Deňiz ýa-da uly köller ýaly suw giňişliklerine seretmek çäksizligi we ulylygy duýmaga mümkinçilik berip, adamyň öz aladalarynyň kiçijikdigine düşünmegine ýardam edýär.Suw bilen göni aragatnaşyk bedeni we ruhy arassalaýar.
Ýazjumaýew Bereket
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 105-nji toparynyň talyby

RU












