Ýüpekçilik we dokmaçylyk Türkmenistanyň milli medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup, taryhy kökleri Beýik Ýüpek ýolunyň döwürlerine uzalyp gidýär. Häzirki wagtda bu pudaklar ýurt ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hasaplanyp, döwlet derejesinde uly goldaw tapýar.Ýurtda ýüpek önümçiliginiň çig mal binýadyny ösdürmäge, pile öndürmegiň möçberini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Lebap welaýaty ýüpekçiligiň ösen merkezleriniň biridir.Gadymy Merw (Mary) sebiti iň owadan we nepis ýüpek matalarynyň, şol sanda “mulham” we “kazin” atly matalaryň öndürilýän merkezleriniň biri bolupdyr. Türkmen ýüpegi söwda ýollary bilen Günbatara we Gündogara ýaýrap, örän gymmatly haryt hasaplanylypdyr.Aşgabadyň ýüpekçilik fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi ýaly kärhanalar çig ýüpek, inçe ýüpek ýüplük we dürli ýüpek matalaryny (meselem, milli keteni) öndürýärler.
Dokmaçylyk Türkmenistanyň iň öňdebaryjy we kuwwatly senagat pudaklarynyň biridir. Ol ýerli çig mala, ýagny pagta we ýüpege esaslanýar.Nah ýüplük, nah matalar, jinsi (jeans) önümleri, trikotaž lybaslar (sport lybaslary, köýnekler), çagalar we uly ýaşlylar üçin tikin önümleri. Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän inçe süýümli pagta dünýä bazarlarynda ýokary islege eýedir.Garaşsyzlyk ýyllarynda dokma senagatynda uly özgerişlikler edildi. Köp sanly döwrebap dokma toplumlary, pagta egriji, dokma we tikinçilik fabrikleri guruldy we işe girizildi. Bu kärhanalar Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň we beýleki öňdebaryjy ýurtlaryň enjamlary bilen üpjün edilendir.Dokma senagaty eksport ugurly pudak bolup, türkmen önümleri dünýäniň dürli ýurtlaryna iberilýär. Pudagyň ösdürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi artdyrmak strategik maksatlaryna gönükdirilendir.
Türkmenlerde ýüpek we keteni mata mukaddes hasaplanyp, ýüpek gurçugyny idetmek we ondan sapak almaklygyň özboluşly yrymlary we däpleri bolupdyr.Ata-babalarymyz pile öndürmegiň inçe syrlaryny bilipdirler we ony kämil ussatlyga ýetiripdirler. Gurçuklar bilen baglanyşykly işler mähir we yhlas bilen amala aşyrylyp, pile almaklyk uly baýramçylyk ýaly kabul edilipdir.Ýüpek gurçugyny (pile gurçugyny) iýmitlendirmek üçin tut agajynyň ýapragy esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin tut agaçlary ýüpekçilik bilen meşgullanan sebitlerde aýratyn gymmatly hasaplanyp, olaryň ekilmegine we ideg edilmegine uly üns berlipdir.Ýüpek sapaklaryndan mata dokamak esasan tara guramasy (gadymy el stanogy) diýlip atlandyrylýan guralda amala aşyrylypdyr. Bu el güýji bilen ýerine ýetirilýän çylşyrymly iş bolup, esasan-da gelin-gyzlaryň hünäri hasaplanypdyr.
Orazow Jeýhun
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 105-nji toparynyň talyby

RU



