Dograma — türkmen halkynyň iň gadymy, mukaddes we özboluşly milli tagamlarynyň biridir. Ol, esasan, uly sadakalarda, toý-tomaşalarda we Gurbanlyk ýaly dini baýramçylyklarda aýratyn sarpalanýan nahar hökmünde taýýarlanylýar.
Dogramanyň Taryhy Ähmiýeti
Dograma diňe bir nahar bolman, eýsem türkmen däp-dessurlarynyň we mähirli gatnaşyklarynyň beýanydyr.Taryhçylaryň çaklamalaryna görä, dogramanyň (arap çeşmelerinde “Sarida” ady bilen agzalýar) taryhy ençeme asyrlara, hatda VIII asyryň ortalaryna çenli uzalyp gidýär. Bu, dogramanyň türkmen saçagynyň iň gadymy tagamlarynyň biri bolandygyna güwä geçýär. Dograma, esasan, gurbanlyk däpleri we sadakalar bilen baglanyşykly. Bu, ony adaty naharlardan has ýokary derejä göterip, mukaddes rysgal hökmünde kabul etmegi aňladýar.Dogramany taýýarlamak köplenç tutuş maşgalanyň, garyndaşlaryň we goňşularyň gatnaşmagynda, bilelikdäki zähmet arkaly amala aşyrylýar. Bu, tagamyň maşgala agzybirligini we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkitmekdäki ornuny görkezýär.
Dogramanyň Esasy Düzümi we Taýýarlanyş Usuly
Dograma üç esasy bölekden ybaratdyr: et, petir çörek we sogan.
1. Et we Çorba (Şorba) Dograma üçin köplenç semiz we ýagly goýun ýa-da dana eti ulanylýar. Et uly gazanda duz we köplenç birnäçe ter pomidor bilen gowja gaýnadylýar. Çorba ýuwan bolmaz ýaly, pes otda et süňkünden aňsat sypyrylýança bişirilýär. Goýnuň bagyr-öýkenini şorbanyň tagamyny bozmaz ýaly köplenç ulanmaýarlar.Bişen et çorbanyň içinden alynýar. Çorba bolsa ýagynyň aýratyn tabaklarda deň bölünmegi üçin sowadylýar we süzülýär.Petir çörek üçin maýasyz (hamyr maýa ulanylmaýan) ýa-da az maýaly hamyr ýugrulýar.Hamyr ýuka, galyňlygy 1-1.5 sm töweregi ýaýylyp, çatal ýa-da dürtgüç bilen gür dürtülýär. Tamdyrda ýa-da peçde ýüzi gyzarýança bişirilýär. Bişen petir çörek sowaýança garaşylýar. Soňra ähli maşgala bolup, çörekler elde ownuk böleklere (owunjaklara) dogralýar ýa-da owradylÿar.Ownuk dogralan sogan, dogralan petir çörek we el bilen inçe böleklere didilen (dogralan) et garylyp, üsti mata saçak bilen örtülip, demine goýulýar. Bu wagt aralygynda çörek soganyň hem, etiň hem tagamyny özüne siňdirýär.Taýýar garyndy (gury dograma) tabaklara salynýar. Her kim öz islegine görä üstüne gara burç sepirýär. Soňra tabakdaky garyndynyň üstüni örtjek ýaly edip gyzgyn çorba guýulýar. Çorbanyň ýagy ähli gatnaşyjylara deň-derman paýlanar ýaly, çorba gazanyň gaýnap duran ýerinden guýulýar. Dograma hökman çemçe bilen iýilýär. Käbir ýerlerde gury dograma çorba guýulman, gyzgyn çaý bilen hem iýilýär.
Dograma türkmen medeniýetinde aýratyn orny bolan, taryhy kökleri çuňňur milli nahardyr.
Annaberdiýew Annaberdi
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 107-nji toparynyň talyby