Adamzat durmuşynda görünmeýän, el bilen tutulmaýan, ýöne duýgularyň iň çuň gatlaklaryna aralaşyp bilýän bir sungat bar. Bu atyr sungatydyr. Atyr diňe bir ýakymly ys däl, eýsem, ynsanyň şahsyýetiniň, ýatlamalarynyň we iň esasy hem – kalbyň gizlin äleminiň açarydyr. Ol adamyň görünmeýän “egin-eşigidir,” onuň galdyrýan iň gowşak, ýöne iň durnukly yzydyr.
Ylmy barlaglar yslaryň adamyň beýnisiniň duýgy we ýatlama üçin jogap berýän bölegine (limbik sistema) gönüden-göni täsir edýändigini subut edýär. Şonuň üçin käbir yslar şol bada kalbyň iň çuň gatlaklarynda ýatan we unudylan ýatlamalary (meselem, çagalyk döwrüňdäki eneň tagamynyň ysy ýa-da ilkinji söýgiňiň atyrynyň ysy) janlandyryp bilýär.
Atyryň her bir notasy kalbymyza dürli tilsimler bilen aralaşýar:
Sitrus yslary (limon, mandarin): Bize energiýa we ruhubelentlik berýär, zähmetsöýerlige ruhlandyrýar.
Lawanda we Sandal agajy: Nerw sistemasyny köşeşdirip, bizi stresden halas edýär we asudalyk duýgusyny döredýär.
Gül yslary (roza, ýasmin): Romantika we mähir duýgularyny güýçlendirip, biziň mähirli we zenanlyk tarapymyzy görkezýär.
Bu gudratly damjalar, esasy wezipesi – biziň ruhy ýagdaýymyzy kadalaşdyrmak, ýagny bir görnüşli şahsy aromaterapiýa bolup hyzmat etmekdir.
Hakyky atyr üç esasy bölekden ybarat bolan çylşyrymly piramida görnüşinde gurluşyk tapýar.
Baş Nota (Ýokarky ys): Bu – ilkinji 5-15 minut duýulýan ys. Ol siziň ilkinji täsiriňizdir. Köplenç, täze, ýeňil sitruslar ýa-da gök otlar bolýar.
Ýürek Nota (Orta ys): Bu atyryň esasy häsiýetini düzýär we 20 minutdan soň açylýar. Ol atyryň kalbydyr. Güller, baharatlar ýa-da ýakymly miweler bolup biler.
Esasy Nota (Aşaky ys): Bu iň agyr we iň dowamly ysdyr. Ol günüň ahyrynda deride galýan yzdyr. Köplenç, ýyly agajymtyl yslar, wänil, amber (balzam) ýa-da musk bolup, atyryň ähli beýleki notalaryny saklap durýan esasy bolup durýar.
Şeýlelikde, atyr saýlamak – bu, özüňi daş-töwerege yslaryň dilinde beýan etmegiň sungatydyr.Türkmen halkynda ýakymly yslara we tebigy efir ýaglaryna bolan hormat örän gadymydyr.Türkmenlerde öýüň tämizligini we saglygy goramagy alamatlandyrýan üzärlik tütetmek däbi henizem dowam edýär. Bu ysyň bakteryialara garşy göreşmegiň ykdysady (fiziki) tarapy bilen birlikde, ýaman gözden we erbet ruhlardan goramagyň ruhy (gizlin) manysy hem bardyr.
Roza ýapraklaryndan alnan gülab (gül suwy) däp-dessurlarda, aýratynam toýlarda arassalygy we berekedi alamatlandyrmak üçin ulanylypdyr.
Atyrly suwlar bilen özüňi tämizlemek we bezemek türkmen aýal-gyzynyň edep-ekramynyň we özüne ideg etmeginiň aýrylmaz bölegi bolupdyr.Atyr – bu diňe bir damja däl, eýsem, ynsanyň öz içine eden iň gowy maýa goýumydyr. Ol bize özümize ynanmagy, durmuşyň owadan pursatlaryny ýatlamagy we kalbymyzyň iň çuň, iň syrly gylyk-häsiýetlerini dymma beýan etmegi öwredýär.
Şonuň üçin öz atyryňyzy saýlanyňyzda, diňe bir modanyň yzyndan ylgamaň. Kalbyňyzyň näme diýýändigine ùns beriñ. Sebäbi iň gowy atyr, bu, başgalaryň haýran galýan atyry däl-de, eýsem, siziň özüňiziň hakyky ýüregiňizi beýan edýän we size ynam berýän gizlin jadyly damjadyr.
Arslanowa Sähra
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 107-nji toparynyň talyby

RU



