Türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan tamdyr, ýöne bir aşhana guraly däl, eýsem, mukaddeslik, öý-ojagyň we maşgala agzybirliginiň simwolydyr. Türkmenleriň durmuş pelsepesinde “Çörek ruhy mukaddeslikdir!” diýen düşünje bar bolsa, şol mukaddesligi döredýän esasy gural – tamdyrdyr.Türkmen halky tamdyry we onda bişirilýän çöregi mukaddes hasaplaýandygy sebäpli, olar bilen bagly köp sanly pähim-paýhasy özünde jemleýän nakyllary we atalar sözlerini döredipdir. Bu nakyllar esasan rysgal-bereket, öý-oňşuk, işeňňirlik we adalatlylyk ýaly düşünjeleri beýan edýär.

​Tamdyr barada meşhur nakyllaryň käbirleri:

​”Nan – uludan, suw – kiçiden.”Suw gezegini beren ýyl ajy galar, tamdyr gezegini beren – gün ajy.”Nany kökesiz bişirseň, öýde çaga örňemez.”Türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň we mukaddeslikleriniň biri bolan Tamdyr barada giňişleýin maglumat:

Tamdyr türkmen durmuşynda diňe bir nahar bişirilýän enjam däl, eýsem, öý-ojagyň, agzybirligiň we döwletliligiň nyşany hökmünde mukaddes hasaplanýar.Onda bişirilýän çörek (nan) iň esasy iýmit bolup, ol bagtyň we abadançylygyň alamaty hasaplanýar.Gadymy yrymlara görä, türkmenler tamdyryň bejeriş güýjüne ynanýarlar. Hatda syrkaw çagany bejermek üçin ony üç gezek tamdyryň daşyndan aýlamak ýaly yrymlar hem bolupdyr.Al-arwahdan goramak maksady bilen, tamdyryň daşky diwarynda goçak (goç şekili) şekillendirilýär.Öňki döwürlerde gudaçylyga gelnende, öýüň beýleki ýerleri bilen birlikde, gelniň ojagynyň we tamdyrynyň arassalygy hem synlanypdyr.Ylmy çeşmelerde bellenilişi ýaly, gadymy oguzlar oda we ýalyna “tam”, “tamdu” diýipdirler. Tamdyr sözi aslynda “ot ýakylýan ýer”, “ojak” manysynda döräpdir.

Tamdyr ýasaýanlara “Tamdyrçylar” diýilýär. Tamdyr salýan zenanlar ähli taraplaýyn göreldeli, asylly, edepli bolmalydyr. Ussa zenan köplenç işe başlanda: “Meniň elim däl, ökde zenanlaryň eli” diýip, işine başlaýar.Tamdyr silindr görnüşli desga bolup, onuň hiç ýerinde demir goşundysy ýokdur (ýöne yrym edip aşaky bosagasynda teňňe kakýarlar).Mukaddes tamdyr arassa toýundan (şykgy, palçyk) ýasalýar.Toýuna köne saman garylyp, berkligi üçin duz we ýanan samanyň külkesi ýa-da halynyň gyryndysy goşulýar.Içini we daşyny suwamak üçin köplenç çörekleriň gowy gyzarmagy üçin şor gum (şor ýerden getirilen gum) ulanylýar.Ilki bilen, sähetli gün saýlanyp, tamdyryň ýeri tegelek çyzyk bilen bellenilýär.Toýun garyndysy birnäçe gün saklanyp, oňa “palçygyň demini bermek” diýilýär.Tamdyr kerpiçlerden örülip, ýokaryk galdygyňça, agzy daraldylyp gidilýär.Tamdyr esasan gyşarnyksyz berjaý edilmeli berk düzgünler esasynda, zenanyň aýratyn ukyby we göz çeni bilen ýasalýar (çyzgysyz, ölçegsiz).Körük (oduň tüssesi çykar ýaly deşik) goýulýar. Çörek bişirilýän tamdyrlar köplenç tegelek, somsa ýaly milli tagamlar üçin bolsa dik görnüşde ýasalyp bilner.

​Tamdyr bilen bagly däpler

Täze tamdyrda çörek bişiren zenan buýsançly görünýär we däbe eýerip, ol çöreklerden goňşy-golama paýlaýar.Tamdyrda çörek ýapylanda çagalar üçin kiçijik kökejik edilip, oňa “çaga paýy” diýilýär. “Nany kökesiz bişirseň, öýde çaga örňemez” diýen yrym bar.

​Hojalykçy zenanlar tamdyrynyň we ojagynyň hemişe suwalgy, arassa, abat bolmagy üçin alada edýärler.Gün ýaşyp, aýak ýygnanandan soňra tamdyryň ýanynda gezmek, onuň daş-töweregine suw dökmek günä hasaplanýar.Tamdyryň daşyndan çarşenbe we anna günleri daň bilen üç gezek aýlansaň, janyň sag, işiň rowaç bolýar diýen yrym bar.Her ýylda bir gezek tamdyry täzeden suwamak parz (borç) iş hasaplanýar.Tamdyrdan çykan yssy nan (çörek) rysgalyň, berekediň, doklugyň we abadançylygyň gözbaşy hasaplanýar. Şonuň üçin tamdyra we çölege aýratyn hormat goýulýar.​”Ojak we tamdyr tekiz-ýylmanak suwalan bolsa, ol öýüň zenan maşgalasynyň işeňňirliginiň alamatydyr.” Tamdyr üçin arassa we kämil usulda taýýarlanan toýun ulanylýar. Toýuna berklik we gyzgynlygy gowy saklamak üçin duz, ýanan samanyň külkesi ýa-da haly gyryndysy goşulýar. Bu garyndy birnäçe gün saklanyp, “palçygyň demini bermek” diýilýär.Tamdyr arassa we tekiz ýerde salynýar. Tamdyr ýasalyşyna başlamazdan öň tegelek çyzyk çyzylýar we binýatlyk kerpiçler goýulýar. Tamdyryň içine odun ýanýan we tüsse çykýan ýerler (körükler) goýulýar.Tamdyryň daşy we içi tekiz, owadan suwalýar. Içini suwamak üçin köplenç “Şor” diýlip atlandyrylýan, suw görmedik şor ýerden getirilen gum ulanylýar. Şor, çöregiň gowy gyzarmagy we arkasynyň keseklemezligi üçin haýyrly hasaplanýar.Tamdyrçy zenan işe başlanda: “Meniň elim däl, ökde zenanlaryň eli” diýip işine başlaýar. Bu, işiniň oňly bolmagy üçin edýän ýagşy dilegidir.Tamdyr esasan zenan maşgalalaryň zähmet ojagydyr. Tamdyryň arassalygy, onuň töwereginiň tertipliligi öý eýesi zenanyň işeňňirliginiň we yhlaslylygynyň alamatydyr. “Ojak we tamdyr tekiz-ýylmanak suwalan bolsa, ol öýüň zenan maşgalasynyň işeňňirliginiň alamatydyr” diýen ýaly pähimler ýöne ýerden dörän däldir.

​Türkmen tamdyry diňe bir maddy gurluş bolman, eýsem, türkmen ruhunyň we medeniýetiniň saklanyp galan gymmatly mirasydyr. Ol bize halkymyzyň zähmetsöýerligini, çörek-rysgala bolan hormatyny we asyrlar boýy kämilleşdirilen hünär ussatlygyny ýatladýar. Şonuň üçin tamdyr türkmen öý-ojagynyň hemişelik we aýrylmaz bir bölegi bolup galýar.

Ojarow Şageldi
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 107-nji toparynyň talyby