Maliýe işini alyp barýan bölümleriň işine maliýe menejmenti diýilýär. Maliýe menejmenti ýokary derejede peýda almak, kärhananyň maliýe- hojalyk işinde ýüze çykýan pul akymlaryny dolandyrmak üçin gerek bolan ulgamlardyr. Maliýe menejmentiniň obýekti hojalykda emele gelýän pul dolanyşygydyr. Maliýe.menejmentiniň ýene bir wezipesi kärhananyň maliýe hasabatlaryny öwrenmek netijesinde onuň maliýe taýdan taktikasyny we baş ugruny işläp düzmekdir. Maliýe gulluklary kärhananyň esasy işiniň möçber taýdan uly-kiçiligine bagly üýtgäp durýar. Maliýe gulluklarynyň etmeli işleri şundan ybarat:
– telekeçilik (biznes) meýilnamasyny düzmäge we ýerine ýetirmäge gatnaşmaklyk;
– ösüşiň maliýe taslamasyny işläp düzmek;
– karz syýasatyny kesgitlemek;
– pul akymlaryny dolandyrmak;
– walýuta syýasatyny işläp düzmek;
– maliýe meýilnamasyny işläp düzmek;
– hasaplaşyk, algy-bergi işlerini kadalaşdyrmak;
– maliýe töwekgelçiligini ätiýaçlandyrmak işlerini alyp barmak;
– kärhana maliýe-hojalyk işiniň netijesini degşirmek;
– maliýe serişdeleriniň, pul serişdeleriniň ulanylyşyna gözegçilik etmek we ş.m.
Hojalygy alyp barmaklygyň dürli görnüşleriniň we pudaklarynyň kärhana maliýesine edýän täsiri uludyr.
Kärhanalar barada Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, kärhanalaryň hukuk guramaçylyk görnüşini (formasy) kesgitlendi. Türkmenistanda şular ýaly kärhanalar bar: Döwlet kärhanalary; ýekebara kärhanalar; hyzmatdaşlyk kärhanalary. Mundan başga-da, bilelikde işi alyp barýan şereketler, golçur kärhanalar, wekilçilikler we ş.m. kärhanalar birleşigi (korporasiýalar, assosiasiýalar, trestler) hereket edýärler. Döwlet kärhanalarynyň sermaýasy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. Ol döwlet serişdeleriniň hasabyna döredilýär ýa-da döwlet eýeçiligine geçirilýän kärhanalar hökmünde hereket edýärler, şol kärhanalarda döwlet özüne berkidilen emlägini, önümlerini, nyrhlaryny hem-de ýolbaşçylaryny belläp bilýär. Emma, şonuň bilen bir hatarda, olar öz işlerini hojalyk hasaplaşygy we öz-özüňi maliýeleşdirmek şertinde alyp barýarlar. Ýekebara kärhanalar bir şahsy tarapa, ýeke eýä degişlidir. Şol eýe-de onuň maliýe işine jogap berýär. Onuň sermaýasy öz hasabyna döredilip, 25 minimal zähmet hakyndan az bolmaly däldir. Şereket agzalarynyň sermaýasy 50 sany minimal aýlykdan az bolmaly däldir. Şereketiň agzalary öz paý goýumlarynyň ululygyna görä arkalaşykly maliýe jogapkärçiligini çekýärler. Jemgyýetçilik esasyndaky kärhanalar jemgyýetçilik birleşmeleriniň, dini guramalaryň, haýyr-sahabat gaznalarynyň hasabyna döredilýär we şolarda maliýe jogapkärçiligini çekýärler. Olaryň sermaýasy iň pes 100 zähmet hakyndan az bolmaly däldir. Hojalyk jemgyýetleri 2 ýa-da ondan köp şahsy ýa-da edara görnüşli taraplaryň paý goýumlary esasynda birleşmegi netijesinde, şertnama düzülip döredilyär. Olaryň sermaýasy iň pes 100 aýlykdan az bolmaly däldir. Hojalyk jemgyýetleriniň maliýe borçnamalaryna şony döreden taraplar jogap berýärler. Paýdarlar jemgyýetiniň ustaw hazynasy paýdarlar tarapyndan kesgitlenilýär. Görşümiz ýaly, eýeçiligiň görnüşleri kärhananyň maliýesine öz täsirini ýetirip biler.
Bägül HÜSEÝINOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby

RU












