2023-2024-nji ýylda möwsümleýin pagta öndürmekde öňdebaryjy ýurtlar adatça Hytaý, Hindistan, ABŞ we Braziliýa ýaly iri öndürijilerdir.
Global pagta önümçiligi 2024-2025-nji ýylda takmynan 26 million tonna töweregi bolmagyna garaşylýar. Bu 2023-2024-nji ýylda öndürilen 24,1 million tonnadan hem artmagyny aňladýar. Önümçiligiň ýokarlanandygyna garamazdan, käbir ýurtlarda hasyl pes we dünýä pagta bazary ykdysady faktorlaryň, esasanam Hytaý we Hindistan ýaly esasy öndürijilerde ýaramaz täsirini dowam etdirýär.w
Öňdebaryjy öndüriji bolan Hytaýda önümçilik geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6% azaldy.
Hindistan: Howanyň şertleriniň täsirinde Hindistanda önümçilik birneme azaldy, ýöne ýokary hasylly we çydamly sortlaryň kabul edilmegi bilen durnuklylyk gazanylýar.
Pagta dünýädäki süýüm önümçiliginiň takmynan 35%-ini üpjün edýär we dokma senagatynda ulanylýan iň möhüm ösümliklerden biridir. Pagta önümçiliginde Hytaý, Hindistan we ABŞ bar. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda ABŞ dünýädäki pagta eksportynyň üçden bir bölegini tutýar we bu pudakda öňdebaryjy bolup galýar.
Dünýäniň iň gowy pagtanyň nirede öndürilýändigi barada dürli pikirler bar.
Müsür: Gün şöhlesi, çyglylygy we gurply toprak ýaly iň amatly şertleri Giza pagtasyna ýokary häsiýetlere eýe bolmagyna mümkinçilik berýär.
Hindistan: Hindistanyň demirgazyk sebiti, 25-35 ° C aralygynda bolup, pagta öndürmek üçin amatly howa şertlerini hödürleýär. Mundan başga-da, Türkiýanyň Ege sebitinde (esasanam Manisa) we Günorta-gündogar Anadoly sebitinde (Diýarbakyr) ýokary hilli pagta öndürilýär.
Gunça NAZAROWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy

RU



