Lebap welaýatynyň gadymdan gelýän milli zenan egin-eşikleri türkmen medeniýetiniň we mirasynyň aýrylmaz we örän gymmatly bölegidir. Bu egin-eşikler diňe bir geýim däl, eýsem, taryhyň, däp-dessurlaryň, çeperçiligiň we zenanlaryň ahlak gymmatlyklarynyň beýanydyr.
Lebap zenanlarynyň egin-eşiklerinde esasan keteni (ýüpek mata), gyrmyzy donlyk (gyzyl reňkli ýa-da gyzyl nagyşly mata) we dürli reňkli ýüpek we ýarym ýüpek matalar giňden ulanylypdyr. Keteni geýimleri, esasan, baýramçylyk we toý dabaralary üçin has gymmatly hasaplanypdyr.Zenanlaryň esasy geýimi bolan uzyn, giň biçüwli köýnekdir. Lebap köýnekleriniň biçüwi we reňkleri sebitiň beýleki ýerlerinden birneme tapawutlanyp biler. Gadamdan gelýän Lebap köýnekleri köplenç has garaňky, gyzylymtyl-goňur ýa-da gök reňkli matadan tikilip, ýaka bölegi we ýeňleri baý nagyşlar bilen bezelýär. Lebap keşdesi türkmen keşdeçiliginiň iň çylşyrymly we ajaýyp görnüşleriniň biridir. Zenan köýnekleriniň ýakalarynda, ýeňleriniň ujunda we eteklerinde, şeýle hem çyrpy (ýaş aýallaryň başgeýimi) we kurte (penje ýaly daşky geýim) ýaly daşky geýimlerde “gülýaka”, “içýanagyz”, “dagdan” ýaly dürli nagyşlar ulanylypdyr. Nagyşlar, esasan, gyzyl, gara, ak, ýaşyl we sary reňkli sapaklar bilen edilip, zenanlary zyýanly güýçlerden gorama we bagt getirme manysyny aňladypdyr.
Howanyň sowuk wagtlary ýa-da dabaraly pursatlar üçin köýnegiň üstünden geýilýän ýeňsiz ýa-da ýeňli penje görnüşli geýimler bolupdyr. Olaryň hem köpüsi keşdeler bilen bezelýärdi.Lebap zenanlarynyň baş geýimleri aýratyn gymmata eýe. Çyrpy (gyzlykdan tä ilkinji çagasyny dogurýança bolan döwürde geýilýän), alyňdan geýilýän gyňaçlar we ýaşuly zenanlaryň ýaglyklary (dürli reňkli we nagyşly, köplenç matalary ýüzleriniň bir bölegini ýapýan ýaly görnüşde daňylýardy) esasy baş geýimlerdir. Çyrpylar köplenç ýüpekden bolup, gyrmyzy ýa-da gara reňkli matalaryň ýüzüne owadan keşde düşürilýärdi. Milli egin-eşikleriň aýrylmaz bölegi bolan kümüşden ýasalan şaý-sepler: bilýüzük, gulakhalka, gerdanlyk, çemen, we temenler (saç ýa-da egin-eşik üçin) ýaly zatlar zenanlaryň gözelligini has-da artdyryp, olara gorag manylaryny beripdir.
Lebap zenanlarynyň gadymy milli egin-eşikleri olaryň zähmetsöýerligini, nepis sungata bolan ukybyny we milli gymmatlyklaryna ygrarlylygyny görkezýän aýdyň mysaldyr. Bu eşikler häzirki döwürde hem gymmatyny ýitirmän, milli buýsanç çeşmesi bolmagynda galýar.
Rahymow Erkan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 110-njy toparynyň talyby