Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşýän Lebap welaýaty Amyderýanyň boýunda ýerleşýänligi sebäpli, özboluşly taryhy, medeniýeti we gadymy däp-dessurlary bilen tapawutlanýar. Bu welaýatyň maddy we ruhy mirasy asyrlaryň dowamynda kemala gelip, häzirki döwürde-de türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Lebap welaýaty, esasan-da, halyçylyk, keşdeçilik we amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşleri bilen meşhurdyr.
Lebap halylary we haly önümleri (çuwal, torba, keçe we ş.m.) özüniň gölleriniň aýratynlygy, reňkleriniň sazlaşygy bilen beýleki sebitleriňkiden tapawutlanýar. Haly gölleri diňe bir bezeg däl, eýsem, halkyň taryhyny, dünýägaraýşyny we ynançlaryny özünde jemleýän simwoliki manylara eýedir. Gelin-gyzlaryň el işleri, aýratyn-da, köýnekleriň ýakalaryndaky we gyzylaryň tahýalaryndaky keşdeler inçeligi we owadanlygy bilen haýran galdyrýar. Bu keşdeler türkmen gyzynyň zähmetsöýerliginiň we çeperçiliginiň nusgasydyr.
Türkmen halkynyň, şol sanda Lebabyň ýaşaýjylarynyň durmuşynda toý-dabaralar aýratyn ähmiýete eýedir. Myhmansöýerlik bolsa, bu sebitiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Çaga doglanda berilýän pişme toýundan başlap, sünnet toýuna we esasan-da, durmuş toýlaryna çenli ähli dabaralar gadymy urp-adatlar esasynda geçirilýär. Öňler gelinler köplenç düýäniň üstünde gurnalan, halylar bilen bezelen kejebede getirilipdir. Bu däp welaýatyň käbir ýerlerinde simwoliki manyda henizem saklanyp galypdyr. Kejebe gelnalyjynyň we toýuň esasy nyşanlarynyň biri hasaplanýar. Durmuş toýlarynda gelin-gyzlaryň milli eşikleri, şaý-sepleri we däp-dessurlary berjaý etmekdäki gatnaşygy uly ähmiýet berilýär. Ak öý bolsa, abadançylygyň we döwletliligiň nyşany hökmünde hormatlanylýar.
Toýuň öňüsyrasynda guralýan we oglan tarapyndan gyzyň garyndaşlaryna sowgat gowşurylýan “Atgulak” ýaly gadymy däpler hem saklanyp galypdyr.Lebap welaýaty gadymy kerwensaraýlaryň we taryhy ýadygärlikleriň ýerleşýän sebitidir. Bu ýerler halkyň taryhy ýoluny we ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Astanababa kümmeti we Daýahatyn kerwensaraýy ýaly taryhy ýadygärlikler sebitiň medeni we ruhy merkezleridir. “Balsaýat” wokal-tans topary ýaly döredijilik toparlary Lebabyň aýdym-saz we tans sungatyny, gadymy däp-dessurlaryny sahnalaşdyryp, milli mirasy dünýä tanadýarlar.
Umuman, Lebap welaýatynyň däp-dessurlary türkmençiligiň asylly ýörelgelerini, myhmansöýerligi, zähmetsöýerligi we milli sungata bolan söýgini özünde jemleýän, baý we köpöwüşginli ruhy hazynadyr. Bu däpler häzirki döwürde hem nesilden-nesle geçirilip, halkyň jebisligini we milli ruhyny pugtalandyrÿar.
Gurbannazarowa Çynar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 110-njy toparynyň talyby