Century Egg (Hytaý dilinde Pídàn – 皮蛋) hakyky manysynda “asyrlyk” ýa-da “müň ýyllyk” bolmasa-da, Hytaýda ýüzeýran asyrlaryň dowamynda ulanylyp gelinýän adaty usul bilen saklanan ýumurtga görnüşidir. Ol adaty daşky görnüşi sebäpli dünýäde iň geň we iň köne iýmitleriň biri hasaplanýar.

​Görnüşi: Köplenç ördek ýumurtgasy ulanylsa-da, towuk ýa-da bedene ýumurtgalary hem ulanylyp bilner.

​Garyndy: Ýumurtga birnäçe hepdä ýa-da birnäçe aýa çenli (köplenç 4 hepdä 5 aý arasy) garyndy bilen örtülip, howa geçirmeýän gapda saklanýar.

​Garyndynyň Düzümi: Bu garyndy esasan aşgar (alkaline) maddalardan ybarat bolup, adatça şulardan düzülýär:

​Palçyk (Clay) ýa-da Kül (Wood Ash)

​Duu (Salt)

​Sönmedik hek (Quicklime – Calcium oxide) ýa-da sönen hek (Slaked lime)

​Gaty çaý (Strong Tea)

​Tüwi gabyklary (garyndyny gaty gabyk bilen örtmek üçin)

​Himiki Täsir: Bu prosesde aşgarly garyndy ýumurtganyň pH bahasyny ýokarlandyrýar (adatça 9-dan 12-ä çenli). Bu himiki täsir netijesinde ýumurtganyň akynyň we sarysynyň düzümindäki beloklar (proteinler) dargap (denature bolup) täze maddalary emele getirýär, bu bolsa tagamyny, reňkini we gurluşyny üýtgedýär.

​Daşky görnüşi we Gurluşy (Teksturasy):

​Ýumurtganyň Akýeri (Protein): Reňki dury gara (syýa ýaly gara) ýa-da goňur, şeýle hem şolýaly, ýelmezik (želatin ýaly) gurluşa eýe bolýar. Käbir ýokary hilli ýumurtgalaryň akýerinde gar ýa-da sosna agajynyň şahalaryna meňzeş ak nagyşlar peýda bolup, olar Songhua (Pine Flower) ýumurtgalary diýlip atlandyrylýar.

​Ýumurtganyň Sarysy (Ýolk): Reňki gara-ýaşyl ýa-da gara-çal bolýar. Gurluşy inçe we ýumşak, gaty gatyk (custard) ýaly ýa-da kremli görnüşe geçýär.

​Tagamy we Ysy:

​Ysy: Century Egg-iň iň meşhur aýratynlygy onuň ýiti, gaty ysy bolup, köplenç ammiak (naşadyr spirtine) we kükürt wodorody (çüýrük ýumurtganyň ysyna) meňzedilýär. Köp adam üçin bu ysy ilkinji gezekde kabul etmek kyn bolýar.

​Tagamy: Tagamy ýumurtganyň gaty baý, çylşyrymly, käwagt “ýer” ýa-da “toprak” ýaly, şeýle hem ýakymly duzly we umami (etli) tagamly bolýar. Ýumurtganyň sarysy kremli we ýumşak. Tagamy köplenç “güýçli gök peýnire” (Blue Cheese) meňzedilýär.

​Iýlişi:

​Century Egg seýrek halatlarda özbaşdak iýilýär. Köplenç aşakdaky tagamlarda ulanylýar:

​Goşundy hökmünde: Dilimlenip ýa-da böleklenip sowuk arassalanan tofu, dogralan gyzyl zynjyr (ginger) we sous (soýa sousy, sirke we künji ýagy) bilen garylyp hödürlenýär.

​Çorbalarda we Porridge-larda: Congee atly tüwi aşynyň (porridge) iň meşhur goşundylarynyň biridir. Ol ýörite et we Asyrlyk ýumurtga bilen taýýarlanyp, “Pídàn Shòuròu Zhōu” diýlip atlandyrylýar.

​Century Egg Hytaý medeniýetinde ýaşyň we däp-dessuryň nyşany bolup, adaty däl iýmitleri gowy görýänler üçin örän özüne çekiji tagamdyr.

Hudaýnazarowa Aýnabat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 113-nji toparynyň talyby