Iňlis diliniň ýaýramagy diňe bir ene dilli ýurtlarda däl, eýsem köpçülikleýin ikinji dil hökmünde ýaýrady — bu bolsa onuň global dil (umumy gatnaşyk dili) bolmagyna sebäp boldy.
Iňlis dili Angliýanyň we Beýik Britaniýanyň resmi dili, ABŞ-nyň 31 ştatynyň resmi dili, Irlandiýanyň, Kanadanyň we Maltanyň resmi iki diliniň biri, Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň resmi dili. Ol Aziýanyň käbir döwletinde (Hindistan, Päkistan we beýlekiler) resmi dil hökmünde ulanylýar.
Hindi-ýewropa diller maşgalasynyň german diline degişli. Ene dili hökmünde ulanyjylaryň sany 410 milliona golaý, ikinji dili hökmünde gürleýänler hem 1 milliard töweregi. BMG-niň alty resmi we iş dilleriniň biri.
Şu diliň leksikasynyň 70 göterimi alynma sözlerdendir. Ýazuwy latyn elipbiýsiniň esasynda VII asyrdan bäri dowam edip gelýär. Dürs ýazuwynda däbe öwrülen ýazuw esasy orun eýeleýär.
Häzirki zaman iňlis diliniň düýbüni tutanlar – german taýpalary angllar,sakslar we ýutlar bolup,V asyryň ortalarynda Britan adalaryna göçüp gelipdirler.Şu döwürde olaryň dilleri nemes we frisleriňkä ýakyn bolupdyr we ol özüniň soňky ösüşinde,beýleki german dillerinden arasyny açypdyr.Gadymy iňlis dili bolan,anglo-sakson dili (köp sanly barlag geçirijiler gadymy iňlis dili hasaplaýarlar) az özgerişlere sezewar bolupdyr.Iňlis dili ýüzýyllyklaryň dowamynda Ýerde iň köp ulanylýan dilleriň biri.Oňa Beýik Britaniýanyň alyp baran syýasaty,esasan hem Demirgazyk Amerikada we Awstraliýada alyp baran syýasatlary ýardam edipdir.Ikinji Jahan urşundan soňra iňlis diliniň ähmiýeti has artdy.Häzirki wagtda döwürleýin we döwürleýin däl neşirler,telewideniýe,kino,radio,kitaphana fondlary,iňlis Internet sektory we beýleki çeşmelerden ybarat iňlis dilindäki maglumatlar giňişligine,möçberine we mazmunyna görä deňsiz taýsyz.Inlis dilinde ägirt uly möçberde çeper we ylmy-tehniki edebiýatlar ýazylan.Tehniki,tehnologik,patent resminamalary,ylmy eserler köplenç iňlis dilinde ýazylyp,soňra beýleki dillere terjime edilipdir.Bularyň ählisi iňlis dilini dünýäde aragatnaşygynyň möhüm serişdesine öwürýär.
Aşakda iňlis diliniň giňden ulanylýan we resmi dil hökmünde kabul edilen birnäçe ýurtlary we olaryň aýratynlyklaryny görkezip geçeliň.
ABŞ
ABŞ-da iňlis dili formallykda federal derejede resmi dil bolup durmaýan bolsa-da, käbir şäherlerde iň giň ýaýran dili we resmi işlerde ulanylýan dil hasaplanylýar. Şol bir wagtda, ABŞ-da birnäçe beýleki diller hem giňden ulanylýar, bu ýurt köp dilli toplum bolup durýar.
Beýik Britaniýa
Britaniýa iňlis diliniň köki bolan ýurtlaryň biridir — bu ýerde iňlis dili esasy we resmi dil bolup, jemgyýetçilik, bilim, administratiw işlerde giňden ulanylýar.
Hindistan
Hindistanda iňlis dili döwlet dili hökmünde ulanylýar. Bu dil Hindistanda bilim ulgamynda we hökümet işlerinde möhüm orun eýeleýär.
Hindistanda iňlis dili bilen birlikde köp sanly ýerli diller hem bar.
Nigeriýa
Nigeriýa Afrikanyň iň uly iňlis dilini ulanýan ýurtlarynyň biridir — bu ýurt resmi işlerde iňlis dilini ulanýar. Nigeriýada iňlis dili dürli halklaryň arasyndaky gatnaşyk diline hem öwrüldi.
Singapur
Singapurda 4 sany resmi dil bar şeýle-de bolsa, iňlis dili biznesde, bilimde, hökümet işlerinde esasy dil hökmünde kabul edilýär.
Dürli halklaryň arasynda dil arkaly global gatnaşyk möhüm rol oýnaýar şu nukdaýzaradan hem iňlis dili dürli milletleriň we sebitleriň arasynda ählumumy dil hökmünde çykyş edýär.
Iňlis dili ýüzýyllyklaryň dowamynda dünýäde iň köp ulanylýan dilleriň biri bolup galdy. Oňa Beýik Britaniýanyň alyp baran syýasaty, esasan hem Demirgazyk Amerikada we Awstraliýada alyp baran syýasatlary ýardam berdi.
Gülruh BERDIMYRADOWA
Daşoguz şäheriniň 33-nji çagalar bakja-bagynyň iňlis dili mugallymy