Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýer yklymynyň ilatynyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly çagyryşlaryna ilkinjileriň hatarynda seslenýändigine dünýä jemgyýetçiligi şaýatdyr. Türkmenistanda Merkezi Aziýa we GDA döwletleriniň arasynda birinji, dünýäde dördünji bolup nahar duzuny ýodlaşdyrmak, uny demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrmak doly ýola goýuldy. Ýurdumyzda BSGG-niň nesil öndürmäge ukyply ýaşdaky aýallaryň, bäş ýaşa çenli çagalaryň arasynda ganazlygyň (anemiýa) agyr görnüşlerini ýok etmek, orta agyrlykly we ýeňil görnüşlerini azaltmak, çaga ýokanç kesellerine garşy göreşmek baradaky çagyryşlaryna anyk çäreler geçirilip, üstünlikler gazanyldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ene süýdi bilen emdirmegi goldamaga gönükdirilen düzgünleri enäniň we çaganyň saglygyny goraýan lukmançylyk edaralarynyň ählisi diýen ýaly özleşdirip, «Çaga mähirli gatnaşykly hassahana» diýen ada mynasyp boldy.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilen kanunlar, toplumlaýyn strategiýalar, maksatnamalar kabul edilýär hem-de üstünlikli ýerine ýetirilýär. Olara «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny, Türkmenistanda eneleriňdir çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020–2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy, «Howpsuz enelik», «Çaga kesellerini bütewi alyp barmak», «Ene süýdüni emýän döwründäki we irki ýaşlardaky çagalaryň iýmitlendirilişi», «Çagalaryň irki ösüşi» maksatnamalary degişlidir. Çaganyň irki ösüşi häzirki wagtda has ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. BMG-niň Çagalar Gaznasy (UNISEF) bilen hyzmatdaşlykda bu babatda öňde duran wezipeleri amala aşyrmak boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň, Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.