​Ÿantar, mineral däl-de, tebigatda bolup geçýän iň geň we gymmatly hadysalaryň biridir. Ol, on millionlarça ýyl mundan ozal ýaşan Pinus succinifera ýaly agaçlaryň özlerini goramak üçin salgyran ýakymly ysly reçinesiniň (smolasynyň) ýer astynda galyp, himiki we fiziki täsirlere sezewar bolup fosilleşmegi netijesinde emele gelen organiki bir daşdyr. “Amber” ady bilen hem tanalýan bu ýyly we ýeňil daş, taryhda we ylymda uly ähmiýete eýedir.

​Ýantaryň esasy aýratynlygy, onuň gatylygy (Mohs şkalasy boýunça 2.0-2.5) we ýeňilligidir. Reňkleri limon sarysyndan bal reňkine, mämişi, goňur we seýrek ýagdaýlarda gök (Dominik ýantary) we ýaşyl tonlara çenli üýtgeýär.

​Ýantaryň iň gymmatly ylmy tarapy, onuň içine düşen mör-möjekleri, aralary, ösümlik galyndylaryny we hatda kiçi oňurgaly jandarlary bozulmadyk görnüşde saklamagyndadyr. Bu «wagt kapsulalary», alymlara gadymy döwürleriň ekosistemalary we ýaşan görnüşleri barada ylmy taýdan deňsiz-taýsyz maglumat berýär.

Hakyky Baltik ýantary, dermanlyk häsiýetleri bilen tanalýan suksin turşusy (amber asidi) saklaýar. Bu asit, ýantaryň halk tebabatdaky ähmiýetiniň esasy çeşmesi hasaplanýar.Ýantar, adamzat taryhynyň irki döwürlerinden bäri gymmatlylykda bolupdyr.

Ol, Antik Rim döwründe Günorta Ýewropa bilen Baltik kenarlaryny birleşdiren “Yantar Ýolunyň” esasy harydy bolup hyzmat edipdir.Gadymy Gresiýalylar, ýantaryň ýüň ýa-da mata bilen sürtülende kiçi zatlary özüne çekýän (statiki elektrik) aýratynlygyny tapdylar we bu hadysa Gresiýa dilinde ýantary aňladýan “elektron” adyny berdi.Halk tebabatda we alternatiw lukmançylykda ýantaryň köp sanly şypalyk täsiriniň bardygyny ynanylýar.

​Ýantaryň düzümindäki suksin turşusynyň deri bilen temasda bedene siňip, agyrylary (mysal üçin, boýun we kelle agyrylaryny) hem-de sowuklamany azaltmaga kömek edýändigine ynanýarlar. Aýratyn-da, körpeleriň diş çykarmak döwründäki agyrylaryny we rahatsyzlygyny ýeňilleşdirmek üçin ýantar monjuklary ulanmak dünýäde giňden ýaýran däpdir.Ýantaryň “güneş daşy” hökmünde, bedendäki negatiw energiýany özüne çekip, stresi, gorkyny we depressiýany azaldýandygyna, ruhy taýdan rahatlyk we şatlyk berýändigine ynanýarlar.

Ýantar daşy, diňe bir gözellik we süsleýiş esbaby däl, eýsem, millionlarça ýyllyk taryhy özünde saklaýan, ylmy gymmaty örän ýokary, tebigatyň iň gymmatly hazynalaryndan biridir. Onuň ynsan bedenine berýän ähmiýeti, fiziki we ruhy taýdan goldaw berýän güýjüne bolan ynanja esaslanýar. Şol bir wagtyň özünde, ýantaryň ylmy jemgyýet üçin paleontologik derwaýyslygy, ony ylmy we medeni taýdan hemişe gymmatly edýär.

Annagulyýewa Güljemal
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 114-nji toparynyň talyby