Kambojanyň monumental binagärliginiň iň meşhur eserleriniň biri – feodal döwrüň ajaýyp ýadygärligi bolan Angkor Wat ybAngkor Wat ybadathanasy.Ol XII asyra degişli edilýär. Gadymda bu ybadathana Wrah Wişnuloka diýlip atlandyrylypdyr, öz häzirki adyny bolsa XIX asyrda alypdyr.Toplumyň ululygynyň özi şeýle ýokary kämillik bilen çözülen binagärlik işiniň gerimi barada düşünje berýär. Onuň ululygy ägirt uly: uzynlygy bir ýarym kilometre ýakyn, giňligi bir kilometre golaý. Bu dörtburçlugyň daşynda dünýäniň daşky haýatyny alamatlandyrýan haýat we dünýä ummanyny alamatlandyrýan giň kanal bar. Ýüzlerçe metre uzalyp gidýän giriş galereýasy günbatar tarapda ýerleşdirilendir.Ondan merkezi topluma tarap esplanadalar alyp barýar. Ybadathananyň daşky galereýasynyň hemme ýeri wişnuistleriň rowaýatlaryndan alnan sahnalaryň oýma nagyşlary bilen bezelipdir. Daşky we ortaky galereýalaryň arasynda dört sany açyk howlusy bolan haç şekilli girelge bölegi bar. 7 metr beýiklige göterilen indikigatyň howlusyna girilýän ýerlere dik basgançaklar alyp barýarlar.
Howlynyň burçlarynda minaralar ýerleşen we daşyny galereýa tutýar. Bu howlynyň ortasynda üçünji, içki galereýasy bilen oralan ýokarky meýdança bar. Oňa on iki basgançak alyp barýar, her bir tarapyň ortasynda birden we her bir burçda ikiden ýerleşdirilipdir.
Ybadathananyň ýokarky böleginiň burçda ýerleşen dört sany ybadathana-minaralary merkezi bolup, ol iň belent minara bilen bilelikde ýokarky meýdançanyň galereýasyna ýapyk geçelgeler arkaly birleşýär, geçelgeler bolsa, haç şekilini emele organiki taýdan bir bitewilige goşulan tektoniki şekilleriň köpdürlüligi, bezeg nagyşlary we oýma nagyşlar, köpsanly monumental erkin duran tegelek heýkeller we germewlerdäki naglar.
Ýokarda aýdylyp geçilişi ýaly, birinji, daşky galereýanyň içki diwarlary 800 m uzynlykda tutuşlygyna belentligi 1,5 m bolan barelýef bilen örtülendir. Esasy tema – Surýawarmana-Iişnunyň geçen mukaddes ýoly. Diwarlaryň köp böleginde onuñýerdäki ýaşaýşyny suratlandyrýan sahnalar bar. Bu sahnalaryň köpüsinde suratlandyrylyşyň takyklygy, ýaşaýşyň güýji, ynandyryjylyk we uly döredijilik hyýaly bar. Bu pes güberçekler ussatlyk bilen ýerine ýetirilen we şol bir wagtda sada we elýeterli ol dindarlaryň giň köpçüligi üçin niýetlenendir.
Sähetmyradow Ýazmyrat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 114-nji toparynyň talyby

RU









