Stambulda Topkapy köşgüniň gurluşygy dowam edýärdi. 1635-nji we 1638-nji ýyllarda onuň ýerleşýän ýerinde Ýerewan bilen Bagdadyň basyp alynmagynyň şanyna birnäçe köşkler guruldy. Olar kerpiçden we daşdan ýasalan,pawilýon görnüşli ymaratlar görnüşinde bolupdyr. Bagdat pawilýony meýilnamasy boýunça sekizburçly, dört sany çykytly we beýik bolmadyk gümmezlidir. Bina nepis mermer sütünli galereýa bilen gurşalan. Köşgüň içki görnüşi köp reňkli bezegi bilen tapawutlanÿar.
Gümmez diwar bezegleri (rospisler) we heýkel şekilleri bilen örtülipdir. Diwarlaryň, ýarym aýlawlaryň gümmez görnüşindäki üçburçlyk şekilli bölekleriň (paruslaryň) ýüzi maýolika bilen bezelen. Diwarlaryň aşaky böleginde gülleriň, guşlaryň, sugunlaryň şekilleri örän hakyky suratlandyrylypdyr. Türk köşk binagärligi üçin seýilgäh meýilnamasy we baglaryň içindäki pawilýonlaryň görnüşi häsiýetli bolupdyr. Stambuldaky Topkapy köşgünde XV asyryň Çinili köşgi (Faýans pawilýony) we XVII asyryň Bagdat köşgi saklanypdyr. Çinili köşgüniň sütünleriniň aňyrsynda dürli ösümlik äheňli we kalligrafiki haşam ýazgyly reňkli keramika örtgülerinde – içki bezegiň baýlygy jemlenipdir. Jaýlaryň diwarlary gök we ýaşyl baldakly gyzyl myhaklaryň we çigildemleriň şekillerinden düzülen we ak ýerlikde suratlandyrylan ösümlik nagyş bilen örtülipdir. Ýönekeýleşdirilen agaçlaryň, esasan hem, serwi agajyň ýa-da ösüp barýan, gülleýän şahalary we baldaklaryň küýzeleriň içinden ösüşi suratlandyrýan izrazes pannolar giňden ýaýrapdyr. Owadan nagyşly gözenekleri we mermeriň ýüzündäki oýmasy bilen gümmezli pawilýon görnüşindäki çüwdürimler bezelip, olaryň köp bölegi Stambulda we Türkiýäniň beýleki şäherlerinde gurlupdyr.
Osman binagärliginiň gülläp ösüş döwründe ençeme dini we köşk desgalaryndan başga, gala gurluşyklary, söwda binalary (bazarlar, kerwensaraýlar) we ýaşaýyş jaýlary saklanyp galypdyr. XVIII we XIX asyrlarda Türkiýäniň monumental binagärligi pese düşýär.
Arrykowa Leýli
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 119-njy toparynyň talyby

RU












