XVIII asyryň ahyrynda XIX asyryň başlarynda Hywa hanlygynyň paýtagty Hywada jaý gurluşyk sungaty az-kem ösüpdir. Şäheri köpsanly medreseler, metjitler we minaralar bezäpdir. Hanlaryň howlulary has-da täsindir, aýratyn hem, özüniň halk jaý gurluşyk sungaty bilen gönüden-göni arabaglanyşygy arkaly özüne çekýän Daş howly köşgüdir (1831–1841 ý.). Köşgüň maýolika we surat çekilen balkaly örtügi saklaýan täsin agaç ýonmalary bilen bezelen eýwanly howlulary bolupdyr.
Feodalçylyk döwrüniň çeperçilik medeniýetiniň pese gaçýan mahaly, halk jaý gurluşyk sungatynda hakyky dörediji güýçler saklanyp galypdyr. Örän gadymy ýerli däplere esaslanan, halk ýaşaýyş binagärligi türkmenleriň, täjikleriň, özbekleriň, gazaklaryň, gyrgyzlaryň, ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklary bilen şertlendirilendir.Halk ýaşaýyş jaý gurluşyk binagärliginiň haşam sungaty bilen aýrylmaz arabaglanyşygy, onuň möhüm umumy çeperçilik häsiýeti bolup durýar. Gapylaryň söýelerindäki agaç ýonmalary, sütünlerdäki we diwarlaryň ganç suwagyndaky, interýerdäki we eýwandaky diwar nagyşlary, täsin syrçalanan keramika, keşdeler we matalar ýaşaýşyň we durmuşyň bu aýrylmaz bölekleriniň hemmesi halk jaý gurluşyk sungatynyň hem-de suratkeşleriň binagärligiň we sungatyň ýokary derejede birleşmegine hemişe ymtylandyklary barada habar berýär.
Şol bir wagtyň özünde Samarkandyň baş metjidi hökmünde hyzmat eden Tyllakari medresesinde (1646–1660 ý.) Buharanyň binagärlik däplerinde ýerine ýetirilen, ýagny girelgäniň iki tarapynda ýerleşen iki hatar zömmek tagçaly ýüz tarapy bolupdyr. Samarkant binagärligine girizilen bu usul dünýä jaý gurluşyk sungatynyň ajaýyp ýadygärliginiň toplumynyň bitewüligini we beýikligini bozmaýar. XVIII–XIX asyrlarda feodal hanlyklarynyň güýçden gaçmagy,ykdysady gowşaklyk we agalyk edýän toparlaryň medeniýetiniň pes derejesi feodal döwletiniň we diniň zerurlyklaryna hyzmat eden monumental jaý gurluşygynyň çalt pese gaçmagyna getirdi.
Çaryýew Gurbandurdy
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 119-njy toparynyň talyby

RU












