VIII asyrda Elurda brahmanlaryň gowak ybadathanalarynyň arasynda Ýer ýüzündäki iň uly Kaýlasanatha gaýa ybadathanasynyň gurulmasy hindi binagärliginiň mundan beýläk ösüşiniň täze ymtylyşynyň barlygyny görkezdi.

Elurdaky Kaýlasanatha ybadathanasy ýüz ýyl mundan öň döredilen Hindistanyň günortasyndaky Mamallapuramdaky ybadathana toplumynyň «rathalary» ýaly, esasynda gowak binagärliginiň esasy ýörelgeleriň bardygyny aňladýar. Bu binalar Ýer ýüzündäki gowak ybadathanalarynyň şol bir usullar bilen ýerine ýetirilen desgalar bolup durýarlar. Gowak binagärligine mahsus bolýan alamatlarynyň bütin sanawyny tapyp bolýandygyna garamazdan, olaryň ýüze çykmagy eýýäm Hindistanyň orta asyrlar binagärliginiň ösüşinde täze tapgyryň başlandygyny aňladýar. Bu tapgyr daşdan we kerpiçden gurluşyklara geçmekligiň gutarnykly tapgyry bolup durýar. Mundan beýläk äpet gaýa we gowak binagärligi öňki öz wajyplygyny ýitirýärler, ol hem Eluranyň jaýn ybadathanalaryndaky gowşamaklygyñ alamatlary bilen tassyklanÿar.

Kaýlasanatha ybadathanasynyň göze ilýän aýratynlygynyň biri adaty bolmadyk sungatyň durmuşa geçirilmeginiň sazlaşygynyň aýdyňlygy, binagärligiň ertekidäki ýaly gerimi, onuň gurluşygynyň görnüşleriniň dogrulygy we anyklygy üýtgeşik giňişlikli toplumy bilen utgaşdyrmasy bolup durýar. Ähtimal, bärde, şu wagta çenli hiç ýerde bolmadyk, aýdyň, göze görünýän görnüşlerde gadymy hindi rowaýatlarda geň galdyrýan şekilleriň we görnüşleriň baýlygy öz aňlatmasyny tapdy. Bu örän haýran galdyryjy rowaýatlaryň keşpli dünýäsini göz öňüne getirip, sanap bolmaýan binanyň binagärligini jomartlyk bilen bezeýän heýkeltaraşly güberçek nagyşlarda we şekillerde hem-de Şiwa Hudaýyna bagyş edilen hem-de Kaýlasyň mukaddes dagyny aňladýan ybadathananyň umumy taglymatynda beýan edildi. Binanyň sudury daşgynrak Gimalaýdaky Kaýlas dagynyň şekilini ýatladyp, rowaýatlar boýunça iň ýokarsynda, Şiwa ýaşaýar.

Şonuň bilen bilelikde, kosmoslyk dini rowaýat taglymaty bilen baglanyşykly  çeperçilik hyýalynyň beýikliginde ilkinji gezek ähli gaýa toplumynyň hakyky durmuşa geçirilmegi üçin girizilen ägirt möçberli zähmetiniň özboluşly ruhubelentligi duýulýar. Işiň ägirt ululygy we şonuň bilen bilelikde ady ýiten ussalaryň, binagärleriň,heýkeltaraşlaryň we daş ýonujylaryň giden bir goşun bolup sarp eden haýran galdyrýan işiniň dürslügi feodalçylyk döwründäki halk döredijiliginiň aýratyn şaýatnamasy bolup durýar.

Gadamow Maksat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 119-njy toparynyň talyby