Biziň günlerimize çenli gelip ýeten Sunýuesy Henaý welaýatyndaky (şäherýaka, çet oba) keramatly Sunşan dagynda miladynyň 523-nji ýylynda gurlupdyr.  40 metr uzynlygy bolan minara palçykdan gurlan we kerpiçlenen, ýigrimi graňlyk esasda uzap, öz gezeginde ikä bölünen ýaly tekiz, agramly, eýlenen, postament we germewaç bilen çäklenen ýarym sütünler, tagçalar, ýarym aýlawlar we heýkeller bilen bezelen ýokarky böleginde germewaçlar bar.

Soňky gatdan ýokaryk dura-bara daralýan, 15 sany gatlardan düzülen ýokarky  bölegi galyp, basgançakly üçegi ýatladýar. Iň ýokarky gaty hindi sokusynyň nyşanlyk şekili bilen jemlenendir. Diňiň monumental binasy däp boýunça dagyň depelerinde gurlup, daşdan hem görünmez ýaly edilipdir. Sunýuesy diňiň görnüşiniň tebigy sazlaşygy binagärligiň, ýerli we hindi däplerinden gelip çykan ýokary hilli täze bir görnüşiniň emele gelmegine getirdi. Agras geometrik şekilleriň sazlaşygy han döwrüniň minara binagärligine häsiýetli agramyny saklaýar. Hindi ybadathanalaryna ýakyn heýkeltaraşlyk göwrüm çözgüdi bilen çeýe kabul etmesi bolup, penjireleriň daş-töwereginde güberçek ýarym aýlawlarynyň egrelmegi hindi nagyşlarynyň görnüşlerinden biri ýaly görünýär we şol bir wagtda hem özboluşly  keşbe eýe bolýar.

Medeni binagärligiň aýratyn görnüşi bu irki feodal  Hytaýdaky gowak ybadathanalarydyr. Ýerde dikeldilýän agaç ybadathanalaryndan başga-da ägirt gowak toplumlary döredilipdir. Miladynyň IV–VI asyrlarynda gurlan olardan öň hem belli gurluşlary bar: Dunhuan (ýa-da Sýanfodun), Maýszişan,Binlinsy (üçüsem Gansu çetlerinde), Ýungan (Şansi Kendinden) we Lunmen (Henan kendi). Gowaklar we tagçalar bu gaýa toplumlary, ölçegi boýunça dürli-dürlüdir. Iň kiçi gowaklaryň çuňlugy 2–3 metr we oňa adam zordan sygýar, ululary bolsa inine 10 metr giňligine we uzynlygyna 23 metrdir. Uly beýiklikde ýonulan (Maýszişan 40–50 metr) daglaryň gaýalarynyň çykgytlarynda özara köprä sallanýan görnüşindäki we daşky geçelgelere birleşdirilip gowaklar hem tagçalar gurlupdyr.

Hazretow Seýran
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 119-njy toparynyň talyby