Garward Uniwersiteti (Harvard University) Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçusets ştatynyň Kembrij şäherinde ýerleşýän, dünýäniň iň abraýly we köne ýokary okuw jaýlarynyň biridir. Ol dünýäde ylym, bilim we ylmy gözlegler babatda öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Kembrij (Cambridge), Massaçusets (Massachusetts), ABŞ.Gurulan senesi 1636-njy ýyl. Bu, ony ABŞ-da iň köne ýokary okuw jaýy edýär.Hususy, gözleglere esaslanýan uniwersitet.”Ivy League” (Samryk Birlik) agzasy bolup, dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň hataryna girýär we yzygiderli iň ýokary reýtingleri eýeleýär.
Garward ilki “New College” ady bilen döredilip, 1639-njy ýylda haýyr-sahawat ediji we esasy donorlaryň biri bolan Jon Garwardyň (John Harvard) hormatyna Garward Kolleji diýlip atlandyryldy. Aslynda, ruhany taýýarlamak maksady bilen gurulsa-da, wagtyň geçmegi bilen giň we döwrebap bilim berýän uniwersitet derejesine ýetdi.Garward köp sanly fakultetden (schools) we institutlardan ybarat, her biri belli bir ugurda ýöriteleşýär. Esasy bölümleri aşakdakylardan ybarat.
Sungat we Ylymlar Fakulteti (Graduate School of Arts and Sciences – GSAS): Magistratura we doktorantura (aspirantura) derejelerini berýär.Hukuk Fakulteti (Harvard Law School – HLS): Hukuk ugrundan bilim berýär.Lukmançylyk Fakulteti (Harvard Medical School – HMS): Lukmançylyk we saglygy goraýyş ugrundan bilim berýär.Biznes Mekdebi (Harvard Business School – HBS): Dünýäniň iň abraýly biznes mekdepleriniň biri.Jon F. Kennedi Döwlet Dolandyryş Mekdebi (Harvard Kennedy School – HKS): Döwlet dolandyryşy, syýasat we halkara gatnaşyklar ugrunda bilim berýär.
Bilim Fakulteti (Harvard Graduate School of Education).
Dizaýn Mekdebi (Harvard Graduate School of Design).
Jemgyýetçilik Saglygy Fakulteti (Harvard T.H. Chan School of Public Health).
Teologiýa Mekdebi (Harvard Divinity School).
Garward ylmy gözlegleriň we innowasiýalaryň merkezi hasaplanýar. Uniwersitet diňe bir talyplara bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň dürli ugurlarynda (fizika, lukmançylyk, ykdysadyýet, sosial ylymlar we ş.m.) düýpli gözlegleri geçirýär. Onuň meşhur kitaphanasy (Harvard Library) dünýäniň iň uly we baý akademik kitaphanalarynyň biridir.Garwarda girmek gaty kyn we bäsdeşlik ýokarydyr. Uniwersitetde dünýäniň dürli künjeklerinden iň zehinli we ukyply talyplar okaýar. Kabul ediliş şertleri diňe ýokary bahalara däl, eýsem talybyň okuwdan daşary üstünliklerine, liderlik ukyplaryna we şahsy başarnyklaryna hem esaslanýar.Garward dünýä jemgyýetine köp sanly meşhur şahsyýetleri, şol sanda:
8 sany ABŞ Prezidentini (m.ç., Jon Kenedi, Barak Obama, Franklin Ruzwelt).
Köp sanly daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny.
161 sany Nobel baýragynyň eýelerini.
”Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts we “Facebook” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Mark Sýukerberg (okaýan wagtynda taşlanlar).Garward Uniwersiteti häzirki wagtda dünýäniň iň täsirli we abraýly bilim edaralarynyň biri bolmagynda galýar. Ol bilim, ylmy gözlegler we jemgyýetçilik hyzmatlary arkaly dünýä derejesindäki meseleleri çözmäge we geljekki liderleri taýýarlamaga uly goşant goşýar.
Nedirow Hajymuhammet
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 123-nji toparynyň talyby

RU












