​Hollywood filmlerinde kosmosdaky partlamalaryň gaty sesleri we kosmos gämileriniň güýçli gümürdileri eşidilse-de, hakykatda Kosmos giňişligi doly sessizdir — bu, Älem baradaky iň haýran galdyryjy we geň faktlaryň biridir. Bu sessizlik, kosmosyň tebigaty bilen göni baglanyşyklydyr.Sesiň bar bolmagy we ýaýramagy üçin gurşaw (iňlisçe: medium) gerekdir. Ses, haýsydyr bir maddanyň bölejikleriniň (atomlaryň ýa-da molekulalaryň) titremesidir, ýagny bir bölejigiň beýlekisini iteklemegi we basyş tolkunyny döretmegi esasynda ýaýraýan mehaniki tolkundyr.

Biz Ýerde ses eşidýäris, sebäbi howa (gaz) ses tolkunlaryny daşaýjy gurşaw bolup hyzmat edýär. Howa molekulalary biri-birine urulyp, sesi gulaklarymyza getirýär.Ýeriň atmosferasynyň daşyndaky giňişlik esasan wakuudyr (boşluk). Bu giňişlikde Ýerdäki howada bolan molekulalaryň we atomlaryň sany gaty azdyr (käbir ýerlerde bir kub santimetrde diňe birnäçe atom).

​Gurşaw ýok ýa-da ýeterlik galyňlykda däl bolsa, ses tolkunlaryny daşamak üçin ýeterlik derejede titreme döredip bilýän bölejikler ýokdur. Netijede, ägirt uly meteorit çaknyşsa-da ýa-da iň uly ýyldyz partlasa-da, bu hadysalar ses çykarmasa-da, ýagtylyk, elektromagnit şöhleleri (rentgen, radio) we ýylylyk görnüşinde energiýa çykarmagyny dowam etdirer.

​Hakyky Sessizligiň Çäkleri: Kosmos Doly Boşluk Däl

​Kosmos giňişliginiň köp bölegi sessiz bolsa-da, “doly sessiz” diýmek biraz çäkli bir beýannamadyr.Kosmosda ses eşitmegiň ýeke-täk ýoly, göni sesiň çeşmesine ýa-da sesi geçirip bilýän gaty jisime (meselem, kosmos gämisine ýa-da şlemä) degmekdir.Kosmonawtlar biri-biriniň sesini eşidip bilýärler, sebäbi olar radio aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanýarlar. Radio tolkunlary elektromagnit tolkunlary bolup, sesiň mehaniki tolkunlaryndan tapawutlylykda, olaryň ýaýramagy üçin gurşaw zerur däldir; olar boşlukda gaty uly tizlikde hereket edip bilýärler. Kosmos gämisiniň içindäki ýa-da skafandryň içindäki howa sesleri geçirýär. Eger iki kosmonawt şlemlerini bir-birine degen bolsalar, olar titremeleriň geçmegi sebäpli gowşak ses eşidip bilerdiler.

Alymlar iň soňky barlaglar netijesinde, kosmosdaky käbir gazyň we tozuň bulutlarynda gaty pes ýygylykly titremeleriň bolup bilýändigini kesgitlediler.NASA-nyň alymlary Persey galaktikasynyň merkezindäki ägirt uly gara deşigiň ýakynynda ýaýran gaz buludyndaky basyş tolkunlaryny (titremeleri) ýazga aldylar. Bu tolkunlaryň ýygylygy adamyň gabygyndan müň esse pes bolany üçin, olar ilki eşidilmedi. Alymlar bu titremeleri ýörite usul (sonifikasiýa) arkaly ýokary ýygylyga (üýtgetme) geçirip, olary adamyň gulagy üçin eşidilýän derejä ýetirdiler. Şeýlelikde, gara deşigiň hakyky sesi beýan edildi, ýöne bu ses, adaty sesiň ýaýraýşy ýaly däl-de, gazyň gaty inçejik bölejikleriniň gaty haýal hereket etmegi netijesidir.

​Şonuň üçin, “kosmos sessizdir” diýlen düşünje hakyky bolup, biziň adaty durmuşymyzda düşünýän sesimiziň ýokdugyny aňladýar. Kosmosdaky uly hadysalar (partlamalar we çaknyşmalar) Ýer ýaly bir planetanyň atmosferasy bolmadyk ýerlerde sesiň mehaniki energiýasyny ýaýradyp bilmeýärler. Kosmos, radio we ýagtylyk tolkunlary bilen gürleýän, ýöne mehaniki titremeleri — sesi — garyp bolan boşlugyň syrly dünýäsidir.

Akmyradow Yhlas
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 123-nji toparynyň talyby