Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ösüşleri syýahatçylyk hem-de jahankeşdelik babatynd ahem uly ösüşlere eýe. Çünki türkmen halkynyň ajaýyp bir nakyly bolan “Gezmek ömürden” diýen nakyly
dünýäniň jahankeşdeleriniň hem-de ylym adamlarynyň durmuşynda iň bir ýörgünli sözdür. Jahankeşdeligiň gözelligine taý ýok. Şol gözellik içki dünýäň bilen rahat dem alyp, dünýäniň çar künjüne ser salmak, gezmek we ylym öwrenmek, geň- enaýy zatlary öwrenmek adamzat tebigatynyň aslynda bar. Çünki dünýäniň häzirki wagtda syýahatçylyk bilen iş salyşýan beýik başlangyçlara rowan bolan ýurtlarynyň arasynda ilinjileriň hatarynda durýan Türkmenistan diýarymyz özgerýär. Biziň ýurdumyza gelýän jahankeşdeler hem – de biziň ýurdumyzdan dünýäniň çar künjüne gidýän jahankeşdeleriň häzirki zaman ösen isleglere laýyklykda hyzmatlary hem öňki döwürlerden has özgerdi. Sanly hyzmatlardan başlap, ýurt göremek wertual hyzmatlar hem – de uçarlar bilen , beýleki ýollar bilen amala aşyrylýan jahankeşdelere ýurdumyzyň we dünýäniň çar künjünde syýahatçylyk boýunça iş salyşýan
hünärmenleriň işi hem gün- günden giň gerime eýe bolýar. Şeýle ajaýyp ýurduň her bir raýaty öz ýurdunyň gözelligine guwanmak bilen bir hatarda dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän syýahatçylaryň ünsüni özünde jemleýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bolsa, islendik myhmanyň kalbynda ýatdan çykmajak yz galdyryp bilýän we şol sanda syýahatçylaryň ösen islegine laýyklykda täzeden gelmek höwesini döredýär. Tomus paslynyň her ýylky möwsüminiň şowhunly, gyzykly geçmegi bilen birlikde hat-da häzir hem ol ýerde dynç almak, deňziň şypaly howasyndan dem almak görlüp- eşidilmedik derejede ýokarydyr. Köpugurly sport desgalaryndan başlap, dynç almak üçin açylan kaşaň myhmanhanalardyr şeýle- de Kongresler zaly dürli döwletlerden gelen syhatçylaryň hem- de beýleki adamlaryň üns merkezinde täsin orun tutýar. Hyzmatlar diýermiň, şeýle- de gözel “Awazanyň” kenaryndaky dynç almak üçin niýetlenilen uçursyz giň dünýäni gujagyna gysýan kenar seni käte- käte içiňden pikirlenip: “Jennete düşdümmikäm?!” diýdirýär. Şeýle ajap mukama birigip gidýän deňiz sallançak bolup bagtyň çür başynda mukam çalýar. Göýäki hüwdileriň hem- de çarlaklaryň sesine goşulyp, bir bitewi mukama erk edýän beýik başlangyjyň owazy her bir bu ýere gelen ynsanda göwün guşuny ganatlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Syýahatçylyk ugry boýunça hereket edýän kärhanalar hem-de olarda ýoakry netijäni gazanmak üçin edilýän işler bu günki gün ýurdumyzda milli syýahatçylyk bilen birlikde dünýäniň çar künjüne bolan jahankeşdelik ulgamynyň syýahatçylyk ulgamynyň giňemegi bizi begendirýär. Şeýle- de syýahatçylyk kärhanalarynyň agzybir işgärleri, işewir topary dünýäniň dürli künjünden gelýän myhmandyr- mediwanlaryň göwnünden turup, ýene gelmäne isleg döredýän şeýle gözel topragyň dünýäniň ýüzünde meşhur bolmagyny gazanmak hem- de biziň döwletimize gelen syhatçylara hyzmat etmek işiniň aladasynda gije- gündiz zähmet çekýärler. Syýahatçylygyň beýik sallançagy bolan “Awazanyň” kenarynda ýerleşýän myhmanhanalara gelýän myhmanlary ýerleşdirmek işlerini, şeýle- de bagtly pursatlary paýlaşyp, görkli deňiz kenarynda dynç almak üçin döredilýän şertlerden peýdalanyp, myhmanlary islegine görä ýerleşdirýärler. Olara edilýän hyzmatlardyr, şol hyzmatlaryň hilini we wagtyny gowy ýerine ýetirmek üçin tanyşdyrylyş dabaralary hem geçirilýär. Giňişleýin düşündirmek arkaly daşary ýurtdan gelýän myhmanlary dürli dillerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen giňişleýin tanyşdyranlaryndan soň, olary ýerleşdirmek işlerinde- de hyzmatlaryny gaýgyranoklar. Jahankeşdelerdir, syýahatçylar bolsa, şeýle ajaýyp mekana gelmegiň arzuwynda. Dünýäniň ýüzünde jahankeşdeligiň orny hem medeni tarapdan hem- de ykdysady tarapdan örän uly orny eýeleýär. Çünki jahankeşdelik esasynda medeni görnüşde ynsanlar dürli ýurtlaryň medeniýetleri bilen tanyşýarlar, olaryň içinde ýaşaýan dürli halklaryň medeniýetleri, dilleri, olaryň başdan geçiren taryhy çeşmeleri bilen tanyş bolýarlar. Emma ykdysady tarapy hem bar. Çünki ykdysadyýetiň ösen ugurlary esasan syýahatçylyk, jahankeşdelikdir. Mysal üçin biziň ýurdumyzda hem syýahat etmäge dürli ýerler bar. Olaryň taryhy geçmişleri hat-da dünýä jahankeşdelerini haýrana galdyrýar. Her ýyl dürli ýerlerden jahankeşdeler gelip, ol jahankeşdeler gadymy topraklaryň taryhyny öwrenýärler. Mysal üçin Baktriýa adamzat taryhynyň siwilizasiýon merkezi bolmak bilen adamzadyň ösüş derejeleriniň ilkinji basgançaklaryny goýan medeniýetleriň içine girýär. Bu ýerde metal gap- gaçlaryň işlenilmegi, ýokary hilli toýunlardan dürli keşbini garyşdyrýan hem- de aýry- aýrylykda emele getirýän çyzgylaryň döremegi esasan taryha öz adyny ýazmagynyň sebäbi bolýar. Marguş ýurdunyň daglardan ep – esli uzaklykda ýerleşendigine garamazdan, daş işläp taýýarlaýan, daşy oýup nagyş salýan ýerli ussalar daşa mätäçlik çekmändirler.Olar üçin esasy çig mal bolup, esasan, ýumşak, işläp taýýarlamasy aňsat bolan garamtyk we gara reňkli steatit ýa- da başgaça atlandyryşlary ýaly, hyzmat edipdir. Elbetde bu taryh üçin uly açyş. Adamlaryň ilkinji siwilizasiýa merkezinde ýüze çykan bu ajaýyp açyşlary asyrlaryň şu güne getiren, ösüşleri saglaýan çyg malydyr.Häzirki günlerde parfýumlaryň hem- de ýuwyjy serişdeleriň ösen derejesi bizi haýran galdyrýar.Döwürleriň ösüş syrynyň ilkinji basgançaklaryny goýan marguşlylar bezeg daşlaryny hem- de köwlenip alynýan beýleki materiallary özleriniň gündelik gerekli ýerlerinde ulanmak bilen bir hatarda gelejekde taryhyň çyzgysy hökmünde ulanan gap – gaçlarynda küýzelerinde hem şekilleri çekipdirler. Şonuň ýaly – da, mermere çalym edýän daşlaryň dürli görnüşleri, çylgymly ak alebastr, seýrek ýagdaýlarda bolsa gyzyl reňkli hakyk daşy, agat, gök reňkli lazurit we mawy pöwrize daşy ýaly daşlar ulanylypdyr. Adatça bu gapjagazlar çyzgy şekilli geometrik nagyşlar bilen bezelipdir. Taryhyň çuňňur gatlaryna näçe aralaşsaň, aralaşybermeli. Öz taryhymyzy çuňňur öwrenmek, türkmen topragyna bolan söýgümizi beýan etmekdir.Dünýäni aýlanyp ýören jahankeşdeleriň içinde örän fonatlary köp. Olar zeminiň haýsy tarapynda gyzykly aglumat saklaýan bina bolsa, ýa – da aýratynlygy bar, suw dilikleri, daglar, gowaklar olara juda gyzyklydyr. Şol sebäpli olaryň nazaryndna äleme bakmak bolsa, jahankeşdeligiň iň ösen ýerlerine syýahat etmekdir. Ýagny şol jahankeşdeligiň aňyrsynda bilesigelijiligi subut etmekdir. Daglar hakynda gyzykly maglumatlar, Ýeriň topografiýasy barada has köp zat öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Daglar diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem köp adamyň we haýwanlaryň mekanydyr. Syýahatçyalryň , jahankeşdeleriň ünsüni çekýän tebigy täsinlikler barada köp gürrüň edilmän, basym gitmek we ol ýerlerini görmek ýa-d a sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly ol ýerini hat- da widioşekilleriň üsti bieln basym görmek mümkinçilikleri hem ýaýrandyr. Munuň özi jahankeşdeleriň barmasy kyn ýerleri barmazdan,ol ýeriniň kynçylygyny duýmazdan etmäge synanyşykalryny görkezýär. Jahankeşdeler bolsa, ol ýerde diňe özüň bolup, ol ýerleri gözleriň bilen synlap, eliň bilen wulkan palçykalryny elläp görüp, magmalaryň çogup çykýan ysyndan dem almakisleýärler. Ýurdumyzda hem birnäçe barmasy kyn, emma jahankeşdeleriň has söýýän ýerleri, magmalaryň agdym wagtda çogan ýerleri, häzirki gün geologik ýadygärlige öwrülen ýerleri bolsa, bu günki gün ýurdumyzda hem jahankeşdeleriň ünsüni çekjek zatlaryň köplüginden habar berýär. Häzirki wagtda, ata – babalarymyzdan miras galan baý bahasyna ýetip bolmajak ruhy – medeni gymmatlyklaryny, milli mirasymyzy we baý taryhymyzy ylmy esasynda öwrenmek, ony dowam etdirmek, dünýä ýaymak we ýaşlaryň aňyna ýetirmek üçin jahankeşdelere we syýahatçylyk bilen işleýän adamlara giň mümkinçilikler açyldy. Türkmen topragy iň irki siwilizasiýalaryň biri hasaplanýar. Türkmenistan döwletimiz özüniň baý siwilizasiýasynyň täsirini dünýä siwilizasiýasyna ýetiripdir. Türkmenistanyň topragy gadymy döwürlerden başlap Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşip, onuň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Ol diňe bir Ýüpek ýoly bolmak bilen çäklenmän, eýsem halklaryň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni gatnaşyklarda biri – birlerine täsir etmeklerine getiripdir. Ýurdumyzyň paýtagty gözelligiň, syýahatçylygyň, medeniýetleriň hem-de geň – taň binalaryň şäheri. Şol sebäpli – de onda gurulýan her bir binanyň aýratynlygy dünýä mediýa giňişliginde mahabatlaryň öýjügi hökmünde ýaşaýat. Munuň özi jahankeşdeligi ösdürmek maksady bilen edilýän işleriň naýbaşysy diýmek bolar. Ýurdumyza we ýurdumyzyň raýatlarynyň beýleki ýurtlara syýahatçylygyny ýola goýmak üçin ýurdumyzda birnäçe syýahatçylyk kärhanalary zähmet çekýär. Sanly ulgam arkaly biziň ýurdumyzda hereket edýan syýahatçylyk kärhanalarynyň edýän işlerini, olaryň dünýä jahankeşdelerine berýän hyzmatyny sanap geçerden kän. Tehnologiýa eýýämi açyşlardan doly, asyr ösüşleriň, özgerişleriň, täzelikleriň, tehnologiýalaryň asyry boldy. Bu asyrda tehnologiýalar görlüp- eşidilmedik derejede ösdi. Olaryň aýratynlygy bolsa, häzirki zaman ösen islegli adamzadyň ösüş aýratynlyklary bilen bap gelmegi sazlaşykly ýagdaýy kemala getirýär. Jahankeşdelere we syýahatçylara ýlmy, medeni , taryhy aýratynlyklary bolan ýerleri görkezmek we ol ýerlere syýahatçylary äkitmek meselesi hem ýola goýulýar. Täze eýýamyň ikinji müňýyllygynda häli ylmyň ösüşi ösen döwletlerde hem ýokary däldi. Beýik döwletlerde ylym boýunça beýik ynsanlar ýaşapdyr. Olaryň eden açyşlary bilen tanyşmak bu esasan jahankeşdelikde ýörgünli hadysadyr. Alyşir Nowaýy taryhy maglumatlara görä, birnäçe ýyllap, Seljuk soltanlygynda zähmet çekipdir. Ol ýerde astronomiýa, ýyldyzlar ylmy, seljuk soltanlygyň kartay ýaly ylmy açyşlar bilen ýurduň abraýyny ýokary götermäge
çalşypdyrlar. Ylym bilen bagly syýahatlar gündogarda kerwen ýollarynyň üsti bilen amala aşyrylypdyr. Elbetde munuň özi ynsan tebigatynyň nämä ýakyndygyny,haýsy jisimler bilen galtaşma ukybynyň bardygyny subut etmäge we beýleki açyşlary etmäge hem uly
mümkinçilikler açýar. Ylmy pikirler ösüp, giňelip biziň günlerimize çenli ylmyň ösüşine itergi berip gelmeginde jahankeşdeligiň roly ýokarydyr. Şeýlelikde dünýä ýaýran ylymlar öz ýerini tapypdyr. Syýahatçylyk ulgamynyň ykdysady tarapdan hem ýokary netijeler gazanmagy bu günki gün ýurdumyzda edilýän işleriň, syýahatçylyk boýunça , ylmy işler boýunça hem edilýän işleriň netijeliligini artdyrýar. Dost – doganlyk syýasaty netijesinde dünýäniň çar künjüne, parahatsöýüjilikli ýurtlara jahankeşdeligiň uzamagy bolsa, ýurdumyzda bu uguruyň geriminiň has giňeýändigini alamatlandyrýar.Munuň özi söwda- aragatnaşyk
meselesinde iň uly üstünlikleri berýär.Gözel şäherler, gözel paýtagtlar syýahatçylaryň iň gözel duýgularyny oýarýar. Gözellikde deňi – taýy bolmadyk şäherler ynsan ruhunda aýratyn bir ýatlama galdyrýar. Çünki ynsanlar bir- birleri bilen bu duýgulary paýlaşýarlar.Olar bu duýga özleriniň wagtlaryny we ykdysady ugry boýunça çykdaýjylaryny
edýärler. Bu gözel duýgynyň gymmatyny hiç bir zat bilen çalyşmaýarlar. Bu ähli gözel şäherlere syýahata barýan syýahatçylara hem degişlidir. Syýahatçylyk ugry boýunça gezelenç edilýän şäherlerde häzirki güne çenli arhitektura ýadygärlikleriniň goragyndan başga- da däp-dessurlary saklamak üçin ajaýyp festiwallaryň geçirilmegi hem- de konferensiýalaryň geçirilmegi esasan jahankeşdelik bilen meşgullanýan raýatlaryň ünsüni özüne çekýär. Her şäheriň hem her bir gözel ýerleriň hem özüne mahsus häsiýetli aýratynlyklary bar. Esasan festiwallar, däp-dessurlaryň festiwallary geçilen ýollary ýatlamagyň festiwallary bolsa örän gyzykly hem täsindir. Bu bolsa jahankeşdeleriň ömürlik ýadynda galjak zatlardyr. Her bir şäherde ýerleşýän muzeýlerdäki eksponatlar hem dünýä jahankeşdelik ylmynda, taryhçylaryň hem- de alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Ol ýere baran jahankeşdelerde taryhy duýgynyň oýanmagy hem hut şol sebäplidir. Dünýädäki iň uly ýadygärlik eserleriniň toplumy bolan şäherlerdäki heýkelleri we daş sarkofaglar dünýä jahankeşdeleriniň iň iri syýahatçylyk edýän ýerleridir. Dünýäniň ýüzünde ýerleşýän muzeýleriň hem gözelligi, olaryň taryhy yzlaryny görmek üçin syýahatçylygyň ýokary derejesini amala aşyrmak üçin zähmet çekilýär.Muzeýlerde gymmatly nusgalary, şol sanda reňkli suratlar bilen bezelen iň meşhur nusgalar saklanýar. Şäheriň gözelligi haýran galdyrýar. Çünki binagärlik ulgamynyň orta asyrlar modernizasiýasyna degişli bolmagy bu şäheri jahankeşdelik merkezibolmagy üçin tanadýar. Syýahatçylygyň derejesiniň ýokarlanmagy bu günki gün dünýäde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň bir subutnamasydyr.Halkara derejede ösen syýahatçylygy ýola goýmak üçin gözel şäherleriň ähmiýeti uludyr. Şeýlelikde oalr bu günki güne çenli öz ähmiýetini ýitirenok. Biziň ýurdumyz halkara parahatçylygyň ýurdy hökmünde dost – doganlygy hem ýokary derejede saklaýar. Her bir döwlet bilen bolşy ýaly dürli döwletler bilen aragatnaşygy ýola goýan hem ylmy, hem medeni, hem ykdysady taraplary ösdürmek , şeýle- de jahankeşdelik ugry boýunça ösdürmek meseleleri bu günki gün ýokary derejelere eýe bolandyr.Hytaý döwledi dünýe döräli barlygyny subut edýär. Çünki medeniýetleriň merkezi, bir dünýäniň açaryny beýlekisinde gizläp bilýän, ertekilerde ady geçen Gündogar hemişe-de ýüpek ýolunyň üstünden geçýän kerwenleriň ady bilen tanalypdyr. Elbetde dünýäniň millionlarça jahankeşdelerini görmäge çagyrýan,geň hem täsin ertekiler dünýäsine düşürýän biziň ak şäherimiz dünýäniň jahankeşdelerini haýran edýär.
Gülnar Begenjowa
Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň
talyby

RU







