Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen döredilen türkmen ykdysadyýetiniň özboluşly milli modeli ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýurtda syýasy durnuklylygy üpjün etmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly durnukly ykdysady ösüşi gazanmaklygy üpjün edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini has ýokary depginlerde ösdürmek maksady bilen, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sanly ulgamlary, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, içerki bazar hem-de eksport üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginde hem ýaşlara uly orun degişlidir.
Muňa aýdym mysal hökmünde, Türkmenistanynyň paýtagty Aşgabat şäherinde 1-nji sentýabr Ylymlar we Bilimler güni Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Täze bilim ojagynyň açylyş dabarasyna Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy
Täze uniwersitet “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitaphanany, naharhanany, ýapyk we açyk sport desgalaryny öz içine alýar.
Okuw, iki derejeli ulgam, ýagny bakalawr hem-de magistr taýýarlygynyň ugurlary boýunça, türkmençe we iňlisçe dillerinde guralar. Okuw maksatnamasy teoriýany we amaly işleri öz içine alýar. Okuw maksanamanyň esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk we işewürlik esaslary, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler.
Ýurdumyzyň ilkinji hususy ýokary okuw jaýynyň gurluşynda 14 kafedra, 42 barlaghana we 6 sany fakultet göz öňünde tutulyp, olaryň hatarynda ykdysadyýet, sanly tehnologiýalar, binagärlik we gurluşyk, agrosenagatçylyk, şeýle-de daşary ýurt dilleri bölümi we hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi bar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana gol çekdi. Täze uniwersitet, Türkmenistanyň hususy pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak, ykdysadyýeti ösdürmek we sanlylaşdyrmak üçin ýokary bilimli, kämil hünärmenler bilen üpjün etmek ýolunda möhüm ädimdir.
Maňa hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen döredilen ajaýyp, gözel täze uniwersitetiň ilkinji talyplarynyň biri bolmaklyk diýseň uly bagtdyr. Men hem Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli syýasatyny durmuşa geçirmekde öz mynasyp goşandymy goşmak, ýurdumyza we halkymyza gerekli ökde hünärmenleriň biri bolup ýetişjekdigime söz berýärin.
Durmuş hakdaky düşünjelerimiziň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarymyzyň giňelmegi, zehinlerimiziň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegimiz Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz — ýaşlara bildirýän beýik ynamyndan gözbaş alýar. Biz her bir ädimde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerinden nusga-görelde alýarys. Biz — talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, kämilleşmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Merdan Şöhratowiç
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 101-nji toparynyň talyby

RU



