Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň her bir güni Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Ösüşlerden ösüşlere, täze belentliklere tarap gadam basýan asuda, parahat watanymyz gün-günden ösýär, özgerýär we barha gözelleşýär. Şu ýyl hem Aşgabadyň gözel künjeginde, dünýäniň ylym we ösüş meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýan täze bir ylym ojagy-Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti gurlup, öz gapylaryny açdy. Bize hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýy toýlanjak ýylynda, şu ýokary okuw mekdebiniň ilkinji talyplary bolmak bagty miýesser etdi. Bu bolsa her birimiz üçin tolgundyryjy waka boldy.   Uniwersitetimiz diňe bir daşky binagärligi bilen däl, eýsem, milletimiziň geljeginiň gurluşyny gurýan ylym merkezi hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Uniwersitetimiz “Nur bina gurluşyk” husuy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Onuň düzümine 9 gatly esasy bina, okuw binalary, talyplar üçin 2 sany 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlary, mejlisler zaly, kitaphana, naharhana we sport desgasy girýär. Mundan başga-da 14sany kafedra we 42 sany ylmy-barlag laboratoriýasy bar.   Esasan hem iňlis dili otaglarynyň bilimimizi, dil başarnygymyzy kämilleşdirek  üçin döwrebap tehnologiýalar we lingafon enjamlary, kompýuterler bilen üpjün edilmegi biz talyplar üçin geljekki okuw ýyllarynyň üstünlikli dowam etmegine ýol açýar.                                                                      Uniwersitetimizde okuwlar ýöriteleşdirilen ugurlar  boýunça iki dilde- türkmen we iňlis dillerinde alnyp barylýar.Okuwyň möhleti 5 ýyl bolup, biz birinji  talyplar üçin daşary ýurt dillerini öwrenmek we umumy hünärlere taýýarlyk geçilýär. Ikinji ýyldan bolsa biz talyp ýaşlara has ýöriteleşdirilen ugurlary saýlap, öz bilimlerimizi kämilleşdirmek üçin mümkinçilikler döedilen. Uniwersitetde okuw maksatnamalary,esasan, amatly hem-de tejribä gönükdirlendir. Bu bolsa biz talyplara diňe bir nazary bilimleri öwrenmek däl, eýsem, hakyky önümçilik we işewürlik meselelerini çözmegi öwredýär.                      Biziň Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniweritetimiz Binagärlik, Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary, Informatika we hasaplaýyş tehnikasy, Maşyngurluşyk, Ykdysadyýet we dolandyryş, Hukuk işi, Oba, tokaý we balyk hojalygy, Weterinariýa we zootehniýa ýaly fakultetlary öz içine alýar. Mundan başgada uniweritetimiz daşary ýurt dilleri bölümlerini we hünär derejesini, ýokarlndyryş merkezlerini hem özünde jemleýär. Uniwersitetimizde okamaga, döretmäge giň mümkinçilikler döredilen. Bu bolsa biz talyplary has-da begendirýär, guwandyrýar. Şunuň ýaly mümkinçilikleri  döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Bekiýewa Leýli
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 101-nji toparynyň talyby