Bilim adamyň iň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar. Ol diňe bir şahsyýetiň ösmegi üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň we döwletiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni taýdan ösüşiniň berk binýadydyr. Häzirki döwürde, bilimi kämilleşdirmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Bilim her bir adamyň ukyplaryny we zehinini doly amala aşyrmagyna ýardam edýär. Ol umumy we hünär medeniýetini kemala getirmegi, şahsyýetiň belent ruhy-ahlak sypatlaryny ösdürmegi üpjün etmelidir.
Bilim, ýaş nesliň terbiýelenmeginde we okadylmagynda esasy orny eýeläp, milli jebisligiň, raýatlyk, milletara we dinara asudalygynyň üpjün edilmegine hyzmat edýär.Ylym we bilim, ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we dünýä derejesine laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orna eýedir.
Bilim ulgamy umumy ykrar edilen halkara kadalara we tejribesine laýyklykda dolandyrylyp, bilim maksatnamalarynyň hilini üpjün etmeklige üns berilýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamy kanunçylyk binýadynda berkidilen bolup, bu ulgam döwlet bilim standartlaryny, bilim maksatnamalaryny we bilim edaralarynyň ulgamyny öz içine alýar.
Bilimiň basgançaklary mekdebe çenli bilimden başlap, umumybilim (başlangyç, esasy orta, doly orta), hünär bilimine (başlangyç, orta, ýokary) we ylmy-hünär bilimine çenli dowam edýär.
“Bilim hakynda” Kanun (rejelenen görnüşi) bilim babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär, bilim işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär.
Bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak, elektron okuw serişdelerini ulanmak we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak arkaly okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýet ulgamy kämilleşdirilýär.
Netijede, bilim ýurduň berk binýady we röwşen geljeginiň girewidir. Döwlet derejesinde bu ulgama berilýän uly ähmiýet, ýaş nesliň döwrebap, ylymly we hünärli bolup ýetişmegine, şeýlelikde ýurduň mundan beýläkki gülläp ösmegine esasy şert döredýär.
Gurbanowa Gülçemen
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 101-nji toparynyň talyby

RU












