Ýaponiýa, bütin dünýäde iň uzak ýaşaýan adamlaryň ýurdy hökmünde ykrar edilýär we 100 we ondan uly ýaşly raýatlarynyň sany yzygiderli ýokarlanýar. Iň soňky maglumatlara (2025-nji ýylyň Sentýabr aýyndaky ýagdaýa görä) laýyklykda, Ýaponiýada 100 we ondan uly ýaşly adamlaryň sany 99,763 adama ýetip, 100 müňe golaýlady. Bu görkeziji 55 ýyl yzygiderli ýokarlanmakda dowam edýär.
1963-nji ýylda, hökümet bu hasabaty ilkinji gezek ýöredip başlanda, bary-ýogy 153 adam 100 ýaşdan uludy.
1981-nji ýylda 1,000-den,
1998-nji ýylda 10,000-den,
2022-nji ýylda 90,000-den geçdi.
Ýüz ýaşdan geçen adamlaryň agramly bölegini zenanlar düzýär. Olaryň sany jemi sanawyň takmynan 88%-ini (99,763 adamyň 87,784-sini) emele getirýär.
Ýaponlaryň uzak ýaşamagynyň syry birnäçe faktor bilen baglanyşdyrylýar:
Ýapon aşhanasynda esasan-da deňiz önümleri, gök-bakja önümleri we däne önümleri agdyklyk edýär. Kaloriýasy az, ýokumly maddalara baý bolan iýmitlenme usuly adamyň saglygyna oňyn täsir edýär.
Ýokary hilli we elýeterli saglygy goraýyş hyzmatlary ömür dowamlylygynyň artmagynda möhüm rol oýnaýar.
Köp ýapon ýaşulularynyň uzak wagtlap işjeň bolmagy, yzygiderli maşklaryň we maşgala, köpçülik bilen berk gatnaşyklaryň bolmagy ruhy we fiziki saglygy goraýar.
Iň ýokary görkeziji (100,000 adama düşýän sentenarianlaryň sany boýunça): Şimane, Koçi we Tottori prefekturalary.Iň pes görkeziji Saitama, Aýçi, Osaka we Tokio sebitleri.
Ýaponiýa dünýäde iň ýokary sentenarian sany bolan ýurtlaryň biri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) maglumatlaryna görä, dünýäde 100 ýaşdan uly adamlaryň sany takmynan 630 müň töweregi bolup, bu bolsa her altynjy ýüz ýaşly adamyň diýen ýaly ýapon raýatydygyny aňladýar.Bu ýagdaý, Ýaponiýanyň ilatynyň garramagy bilen baglanyşykly saglygy goraýyş we pensiýa ulgamlary üçin täze çagyryşlary döredýär.
Açilow Mekan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 101-nji toparynyň talyby

RU












