Ekosistemanyň täsir edýän faktorlarynyň garşysyna hiç hili degradasiýasy we aýry kompenentleriň ýok bolmagyna barmaýan ukybyna düşünilýär. Şeýle hem ekosistemanyň dürli faktorlara garşy durmagyna we oýandyrylan ýagdaýyna ilki başdaky ýagdaýyna dolanyp bilmegine düşünilýär.
Ekosistemanyň durnuklylygy-bu ekosistemanyň deňagram ýagdaýynda bolmagy. Adamyň saglygyna durnuklylygyň ölçegi diýip biz saglygy alýarys.
Ekosistemanyň durnuklylygynyň ölçegi hökmünde onuň dürli gönüligini alyp bolar – bu meýdan ýa-da göwrüm birliginde görnüşleriň sany. Muňa görnüşleriň sanynyň köplügi we olaryň deň ýaýraýyşy hökmünde düşünip bolýar. Dürli görnüşleri bahalandyrmak üçin dürli görnüşlilik indeksini girizýärler. Meselem: ekosistema birmeňzeşdällik ululygyna görä görnüşleriň mukdary. Ekosistemanyň potensial durnuklygy dürli görnüşli ýokary bolýar.
Ekosistemany dolandyrmak diňe adamzat jemgyýetiniň bähbitleri üçin amala aşyrylýandyr. Bu ekologiki deňagramlylygyň älem möçberinde bozulmagyna we ekologiki heläkçilik ýagdaýyna getirdi. Ekologiki betbagtçylykdan gutulmak üçin “Adam-tebigat” sistemasynda gatnaşyklary sazlaşdyrmak we kämilleşdirmek.
Dolandyrmak diýip dolandyryjy komponentiň öňünde duran maksatlara ýetmäge ugrukdyrylan, sistemanyň komponentleriniň arasyndaky özara baglanyşyklary gurnamaga we hemişelik dolandyrmaga aýdylýar.
Wepa ORAZMYRADOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby

RU












