Dünýä ýüzündäki ekologiki dartgynlylyk daş-töwerekdäki sredanyň ýagdaýyny hem günleriň we hemme taraplaýyn analizini talap edýär. Diňe takyk mukdar analizlerine esaslanyp geçirilmeli çäreler barada çözgütleri kabul etmek bolar. Ol çäreler daş töwerekdäki sredanyň ýagdaýynyň erbetleşmegini togtatmalydyr. DTS hemme taraplaryň analizi ekologiki ýagdaýyň bahasyna we oňa edilýän tebigy we antropogen täsirlele seredýär.
Biosferanyň ýagdaýynyň tebigy we antropogen täsirler bilen üýtgeýändigi bellidir. Emma olaryň arasynda uly tapawut bar. Tebigy sebäplere görä üznüksiz üýtgeýän biosferanyň ýagdaýy düzgün bolşy ýaly haýal bolup geçýär we ilki başdaky ýagdaýyna dolanýar.
Antropogen täsiriň astynda üýtgeýän faktorlar has çalt geçip biler we ekologiki deňagramlylygy bozýar. Meselem: temperaturanyň, basyşynyň, howanyň we topragyň üýtgemesi hemişelik orta bahalaryň çäginde bolup geçýär. Bar bolan gidrometrologiki we seýismiki gulluklar bu prosesleriň üýgeşmelerine gözegçilik edýärler. Tebigy üýtgeşmelerden antropogen üýtgeşmeleri tapawutlandyrmak ýa-da bölüp aýyrmak üçin adamzadyň işjeňligi netijesinde biosferanyň ýagdaýynyň üýtgemegine gözegçilik edýän ýörite gurama döretmek zerurlygy ýüze çykýar. Giňişlik we wagt boýunça öňden düzülen maksatnama görä kesgitli maksady bolan DTS-nyň bir ýa-da birnäçe elementine gözegçilik edýän sistema ekologiki monitoring diýilýär.
Ekologiki monitoring diýip, antropogen täsirlere görä ýüze çykan DTS-nyň üýtgeşmelerine syn edýän hem-de üýtgeşmeleriň ösüşine maglumat bermäge mümkinçilik döredýän sistema aýdylýar. “Monitoring düşünjesi’’ öňüni alýan diýen latyn sözünden gelip çykan. Ekologiki monitoringiň maksady antropogen täsir bilen ýüze çykan biosferanyň ýagdaýynyň üýtgeşmesini janly-jandarlaryň jogap reaksiýasyny ýüze çykarmakdyr.
Babanazar MYRADOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby

RU



