Uglerodyň we kömürturşy gazynyň beýleki ammary – biosferadyr. Emma bagly (agyr) uglerodyň köp mukdary ýer gabygyndadyr. Ol wulkanlar atylanda, atmosfera goşulýar Ýeriň şöhlelenme energiýasynyň parnik gazlarynyň saklanmagy netijesinde emele gelyän ýokary temperaturasy ýerde ýaşaýşyň bolmagyny üpjün edýär. Eger şeýle ýagdaý döremedik bolsa, onda Ýeriň temperaturasy häzirki wagtdakysyndan, takmynan, 30 C sowuk bolardy we onuň üstünde ýaşaýyş togtardy.

Şeýlelikde,”tebigy” parnik hadysasy- bu yeriň atmosferasy üçin asyrlaryň dowamynda durnuklaşan, deňagramlaşan ýagdaýdyr.

Emma soňky onýyllyklaryň içinde hojalyk işleriniň depgininiň çaltlanmagy, atmosferada parnik gazlarynyň toplanmasynyň artmagyna we tebigy garynda infragyzyl şöhleleriniň täze “siňdirijileriniň “ goşulmagyna getirdi. Gazylyp alynýan ýangyjyň barha köp ýakylmagy bilen, atmosferada СО2 niň mukdary üznüksiz artýar. Atmosfera senagatda we durmuşda ulanylýan parnik hadysasyny döretmäge ukyply himiýa maddalarynyň –HFU uly mukdary zyňylýar . Eger bu ýagdaý ýene-de dowam etse, bu gazlaryň ýygnanmagy saýýarada klimatyň ep-esli ýylamagyna getirmegi mümkin. Elbet-de şu ýagdaýlar geljek ýyllaryň dowamynda gaýtalanyp dursa, onda saýýarada ekologiki dartgynlylyk öňküden hem has ýokarlanar.

Eger СО2-niň mukdary senagat zamanyna çenli bolan mukdarynyň iki essesinden geçýän derejä ýetse, onda howanyň temperaturasynyň birnäçe gradus Selsiýa ýokarlanmagyna garaşmak gerek. Eger СО2-niň mukdarynyň şu garaşylýan 2 esse köpelmesiniň modelinde , klimatyň üýtgemelerini çaklamaga mümkinçilik berýän, atmosferanyň umumy aýlanyşygynyň (AUA) modelini düzsek, onda onuň netijeleri model-leriň haýsysynyň ulanylýandygyna baglylykda, dünýäniň ortaça temperaturasynyň 1.5-4.5 *C ýokarlanjakdygyna şaýatlyk edýär.

   Agamerdan ORAZDURDYÝEW

   S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniñ 4-nji ýyl talyby