Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň ösüşine we kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. 17-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” tassyklanylmagy bu ugurda möhüm ädimleriň biri boldy. Bu Strategiýada, aýratyn-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalaryna we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografiki görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine hem-de ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar we emeli aň arkaly bäsleşige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Döwrüň ösüşi bilen täze tehnologiýalar, ylmy açyşlar we döredijilik pikirleri jemgyýetiň ähli ugurlarynda uly üýtgeşmelere sebäp bolýar. Bu ösüşleriň özeninde bolsa innowasiýa, intellekt we psihologiýa ýaly üç möhüm düşünje ýerleşýär. Bu düşünjeler diňe bir aýratyn ylmy ugurlar däl-de, eýsem biri-birine berk baglanyşykly ulgam bolup, adam jemgyýetiniň ösüşiniň esasy diregidir.

 

Innowasiýanyň manysy we ähmiýeti

 

Innowasiýa – täze pikiri, usuly ýa-da tehnologiýany döredip, ony durmuşa geçirmek arkaly bar bolan ýagdaýy gowulandyrmakdyr. Innowasiýanyň esasy maksady – netijeliligi artdyrmak, wagty tygşytlamak we täze mümkinçilikleri açmakdyr.

 

Türkmenistanda hem soňky ýyllarda innowasion pikirlenmä aýratyn üns berilýär. Bilim ulgamynda, önümçilikde, maglumat tehnologiýalarynda we dolandyryşda innowasion çözgütleri ornaşdyrmak – ýaş nesliň döredijilik ukybyny ösdürmegiň ýoludyr.

Innowasiýa diňe bir tehniki täzelik däl, eýsem täzeçe pikirlenmek, başgalardan tapawutly çözgüt tapmak ukybydyr. Şonuň üçin innowasiýanyň ösüşi bilen jemgyýetiň intellektual derejesi hem ýokarlanýar.

 

Intellekt – ösüşiň ruhy güýji

 

Intellekt adamyň pikirlenmek, öwrenmek, meseleleri çözmek we täze ideýalary döretmek ukybydyr.

Intellekt diňe akademik bilim bilen çäklenmeýär – ol döredijilik, logika, emosional düşünje we sosial başarnyklaryň utgaşygydyr.

Psihologlar pikirlenmäniň birnäçe görnüşini tapawutlandyrýarlar:

Analitiki pikirlenme – maglumatlary seljermek, netijä gelmek ukyby.

Kreatiw pikirlenme – täze ideýalary oýlap tapmak.

Emosional intellekt – öz duýgularyňy dolandyrmak we başgalary dogry düşünmek başarnygy.

Intellektual ösüş innowasiýanyň özeni bolup durýar. Ýokary intellektual toplum bolan jemgyýetde ylmy açyşlar, tehnologik ösüş we döredijilik giňden ösdürilýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň, Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.