Häzirki zaman jemgyýeti täzeçil tehnologiýalaryň, maglumat alyş-çalyşynyň we halkara gatnaşyklaryň ýokary depginde ösýän döwrüne gadam basdy. Şeýle şertlerde daşary ýurt dillerini bilmek diňe bir şahsy üstünligiň däl, eýsem döwrüň zerurlygynyň hem esasy görkezijisine öwrüldi. Şonuň üçin çagalaryň ýaş wagtyndan daşary ýurt dillerine bolan ukybyny ösdürmek aýratyn ähmiýete eýedir.

Çaga üçin daşary ýurt dilini öwrenmek — täze dünýägaraýyş, başga medeniýetleri tanamak, düşünjeleri giňeltmek we döredijilik ukybyny artdyrmak demekdir. Ylym taýdan subut edilşi ýaly, çagalyk döwri — dil öwrenmegiň iň täsirli döwrüdür. Sebäbi bu döwürde çaganyň beýnisiniň dil bilen baglanyşykly merkezleri işjeň ösüşde bolýar, täze sözleri we sesleri aňsatlyk bilen ýatda saklaýar.

Daşary ýurt dillerine bolan ukyby ösdürmegiň birnäçe täsirli usullary bar:

1. Oýunlar arkaly öwretmek usullary. Multimediýa oýunlary, suratly materiallar we gepleşikli okuw usullary çagalaryň ünsüni çekýär we dili tebigy ýagdaýda öwrenmäge ýardam edýär.

2. Aýdym-saz we hekaýalaryň ulanylmagy. Dil öwrenişde saz, ritm we şygyr görnüşindäki materiallar çagalaryň ses duýgusy bilen baglanyşykly ukybyny güýçlendirýär.

3. Häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanylmagy. Sanly okuw platformalary, interaktiw programmalar we animasiýalar arkaly okuw prosesi has gyzykly we täsirli bolýar.

4. Mugallymyň we ene-atanyň goldawy. Çaganyň dil öwrenmekdäki üstünlikleri esasan onuň daş-töweregindäki ruhy goldawa baglydyr. Ene-atalaryň oňa goldaw bermegi we öwrenýän dilinde söhbetdeşlik gurmagy netijeliligi artdyrýar.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek çaganyň aň-düşünjesini giňeldýär, döredijilik we logiki pikirleniş ukybyny ösdürýär, şeýle hem onuň geljekki durmuşynda halkara gatnaşyklarynda üstünlik gazanmagyna mümkinçilik döredýär. Netijede, çagalaryň daşary ýurt dillerine bolan ukybyny ösdürmek — döwrebap bilimiň, giň dünýägaraýşyň we bäsdeşlige ukyply nesliň kemala gelmeginiň möhüm şertidir. Dil — dünýäniň açarydyr, ony ýaşlykdan öwrenmek bolsa geljegiň açarydyr!

Sultanowa  Rahataý,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy