Bilim ýolunyň ilkinji basgançagy bolan başlangyç synplar çaganyň geljekki ösüşiniň, dünýägaraýşynyň we okuw endikleriniň kemala gelýän döwrüdir. Şonuň üçin hem başlangyç synp okuwçylarynda okamak islegini we höwesini döretmek, ony dowamly ösdürmek bilim beriş ulgamynyň iň möhüm wezipeleriniň biridir.

Başlangyç synp okuwçylary adaty ýagdaýda öwrenmäge höweslidir, emma bu höwesleriň dowamly saklanmagy mugallymyň pedagogik ussatlygyna we oýlanyşykly guralan okuw prosesine baglydyr. Okuwçylarda okuw işine gyzyklanma döretmegiň esasy şertleri şulardan ybaratdyr:

1. Gyzykly sapaklaryň geçirilmegi. Okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda oýunly, suratly, interaktiw usullaryň ulanylmagy okuw prosesini täsirli edýär.

2. Üstünlik duýgusyny döretmek. Her bir okuwçynyň üstünlik gazanandygyny duýmagy onuň özüne bolan ynamyny artdyrýar we has-da öwrenmäge höwes döredýär.

3. Mugallym bilen gatnaşyklarynyň dostlukly gurulmagy. Çaga üçin mugallym diňe bilim beriji däl, eýsem ruhlandyryjy şahs hem bolmalydyr.

4. Maşgala bilen hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi. Ene-atalaryň çaganyň okuw başarjaňlygyna edýän täsiri uludyr. Okuw we döredijilik çärelerinde olaryň işjeň gatnaşmagy höweslendiriji täsir edýär.

5. Sanly we döredijilik serişdelerinden peýdalanmak. Multimediýa serişdeleri, şekilli görkezmeler we sanly okuw oýunlary okuwçylaryň ünsüni jemlemäge we täze maglumatlary aňsat özleşdirmäge ýardam berýär.

Okuwçyda bilim almaga bolan höwes diňe bir oňa sapak öwretmek arkaly däl, eýsem ruhy goldaw, döredijilik we oýlanyşykly öwretme arkaly hem ösdürilýär. Netijede, başlangyç synp döwri — çaganyň ähli ugurlarda ösüşiniň binýadyny goýýan möhüm tapgyrdyr. Şonuň üçin okuwçylary okamaklyga höweslendirmeklige diňe bir pedagogik borç däl, eýsem jemgyýetiň geljegine goýulýan maýa hökmünde-de garalmalydyr. Bilim başlangyçdan başlanýar, höwes bolsa üstünliklere ýol açýar!

Haýtekowa Merjen,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy