Suw — tebigatyň bahasyz peşgeşi. Ol biziň gymmatly baýlygymyz. Hut şonuň üçinem suw we ondan rejeli peýdalanmak, suwa elýeterlilik meselesi häzirki zaman dünýäsiniň çözülmesi iň derwaýys wezipeleriniň hatarynda goýulýar. Suw bütin adamzadyň umumy gymmatlygy hasaplanýar.
Biziň ýurdumyzda suw serişdelerini netijeli we rejeli ulanmaga uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz: «Suw serişdelerini gorap saklamak we ondan rejeli peýdalanmak meseleleri diňe bir biziň halkymyz üçin däl-de, häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Umumydünýä işleriniň barşy, dünýäde pugta parahatçylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmegi häzirki wagtda suw bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine köp babatda baglydyr» diýmek bilen, suw diplomatiýasyny ulag hem-de energetika diplomatiýalary bilen birlikde, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan 3 ugrunyň hatarynda kesgitledi. BMG-niň Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen «Rio+20» sammitinde, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça III Bütindünýä maslahatynda, Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, «2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw» atly Hereketleriň onýyllygyna bagyşlanyp, Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçirilen halkara maslahatda biziň ýurdumyz tarapyndan anyk teklipdir başlangyçlaryň birnäçesi öňe sürüldi.
Suw, Ýerdäki her bir janly-jandar üçin ýaşaýyş çeşmesidir. Diňe 2 wodorod atomyndan we 1 kislorod atomyndan ybarat bolsa-da, alymlar bu hakda täze açyşlar edip, öwrenmegi dowam etdirýärler.
Baýramdurdyýew Şanyýaz,
Türkmen oba hojalyk institutynyň, Gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

RU



