Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” atly gol çeken Karary ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda (mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, umumy orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi) bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw-döredijilik işini ele almagyny üpjün edýän okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak- bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda dünýä dilleriniň arasynda esasy orun tutýan daşary ýurt dillerini, aýratyn- da rus dilini öwrenmäge ähmiýet berilýär. Daşary ýurt diline eýe bolmak halklaryň arasynda dostluk, medeni gatnaşyklaryň ösmegine, ýaşlaryň dünýä medeniýetiniň ruhuna ýakynlaşmagyna, ýaşlaryň dünýä tejribeleri bilen tanyşmaklaryna ýardam edýär.
Rus dili GDA ýurtlarynyň arasynda diňe bir medeni aragatnaşyk dili bolman, eýsem, işjeňlik dili hem bolup durýar. Şonuň üçin hem ykdysatçylara, telekeçilere we talyplara rus dilini öwrenmek peýdalydyr hem wajypdyr.
Şulary göz öňünde tutup, rus dilini öwrenmegiň ähmiýetiniň uludygyny nygtasymyz gelýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyzda hem rus dilini öwretmäge uly üns berilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde rus dili we edebiýaty bölümleri bolup, onda rus dili boýunça kämil hünärmenler ýetişdirilýär. Mundan başga- da, ýurdumyzda rus dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän orta mekdepler hem hereket edýär.
Türkmen topragy gadymy döwürlerde-de ylmyň, bilimiň, medeniýetiň, sungatyň ösen ojagy hökmünde dünýäde giňden tanalypdyr. Muňa şöhratly taryhymyza degişli baý maglumatlar, alymlardyr taryhçylaryň, syýahatçylaryň galdyran ýazgylary aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar Watanymyz bu günki gün hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilimiň, ylmyň, sportuň, medeniýetiň, sungatyň gülläp ösüşi arkaly, parahatçylyk taglymatyny ilerledýän ýurt hökmünde abraýyny barha pugtalandyrýar.
Babaýewa Bahargül
Çärjew etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň mugallymy.

RU



