27-nji oktýabrda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki döwletiň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rus tarapyna Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Dmitriý Lýubinskiý ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşyk şu ýylyň iýunynda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, geňeşmeleriň barşynda häzirki zaman ählumumy we sebitleýin howplar, şol sanda Owganystandaky we Merkezi Aziýadaky ýagdaýlar barada pikir alşyldy.

Diplomatlar halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň netijeliligini nygtamak bilen, köptaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki howpsuzlyk, täze wehimlere we howplara garşy göreşmek boýunça türkmen- rus hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar.

Öňdebaryjy tejribäni umumylaşdyrmagyň we seljermegiň, şeýle hem döwlet häkimiýetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça ygtyýarly edaralarynyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň möhümdigine üns çekildi.

Degişli ugurda daşary syýasat boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga hem-de özara goldaw bermäge bolan meýil tassyklanyldy. Yzygiderli iş gatnaşyklaryny saklamak barada ylalaşyldy.

  Erkin Annageldiýew 

 Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby