Suw — ýaşaýşyň çeşmesi, oba hojalygynyň bolsa iň möhüm serişdesidir. Ekinleriň ösüşi, ýerleriň hasyllylygy we durmuşda durnukly ösüşiň üpjün edilmegi suwuň dogry ulanylmagyna baglydyr. Şonuň üçin dünýäniň dürli ýerlerinde adamlaryň suwy tygşytly ulanmak, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we ýokary hasyl almak maksady bilen döredýän täsin suwaryş ulgamlary taryhda we häzirki wagtda aýratyn orun eýeleýär.

Gadymy döwürlerde peýdalanylan suwaryş ulgamlary.

Adamzat taryhynyň irki döwürlerinde hem suwy saklamak we paýlamak üçin özboluşly tehniki çözgütler döredilipdir.

Kerän ulgamy (Kanat ýa-da Karez) – Eýran, Owganystan we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulanylan bu ulgam ýerasty kanallaryň üsti bilen dag eteklerinden ýeriň ýüzüne suw çykarmaga mümkinçilik berýärdi. Keränleriň aýratynlygy – suw bugarmadan, ýerasty arkaly uzak aralyga ýetirilýärdi.

Nil derýasynyň daşkyn suwaryşy – Gadymy Müsürde her ýyl Nil derýasynyň taşkyndy suwy meýdanlara dolup, topragy tebigy dökün bilen üpjün edýärdi. Bu dünýäniň iň irki we täsirli suwaryş usullarynyň biridir.

Hytaý terrasa suwaryşy – Daglyk ýerlerde gurlan basgançak görnüşli meýdanlar arkaly suw saklanyp, aşak basgançaklara akdyrylýardy. Şeýle usul häzirki wagta çenli hem Aziýanyň käbir ýurtlarynda ulanylýar.

Häzirki döwürde ulanylýan döwrebap suwaryş ulgamlary.

Ylym-tehnologiýanyň ösmegi bilen, häzirki zaman suwaryş ulgamlary diňe bir suwy paýlamak däl, eýsem onuň tygşytly we takyk ulanylmagyny hem üpjün edýär.

1. Damjalaýyn suwaryş ulgamy

Bu usulda suw her ösümligiň düýbüne damja görnüşinde ýetirilýär. Netijede, suw tygşytlanýar, toprak şorlaşmaýar we hasyllylyk artýar. Şeýle ulgam häzirki wagtda Türkmenistanda hem giňden ornaşdyrylýar.

2. Mikrosuwaryş ulgamy

Mikrosuwaryşda suwuň berilmegi doly awtomatlaşdyrylan ulgam arkaly amala aşyrylýar. Sensorlar arkaly topragyň çyglylyk derejesi kesgitlenýär, şondan soňra zerur bolan mukdarda suw berilýär. Bu ekinleriň suwa bolan talaby boýunça dolandyrylýan innowasion ulgamdyr.

3. Akwaponika we gidroponika ulgamlary

Bu ugurlarda ekinler topraksyz, diňe suwly erginde ösdürilýär. Suw bilen birlikde ösümliklere mineral maddalar berilýär. Akwaponikada bolsa balyklaryň ýaşaýan suwy dökün hökmünde peýdalanylýar. Bu usul suwuň gaýtadan dolanyşyny üpjün edýär.

4. Suwy gaýtadan ulanmak ulgamlary

Käbir ýurtlarda öý hojalygynda we senagatda ulanylan suwlar arassalanandan soň suwaryş üçin gaýtadan ulanylýar. Bu ekologik taýdan tygşytly we ykdysady taýdan amatly usuldyr.

Türkmenistanda suwaryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy.

Türkmenistanda soňky ýyllarda oba hojalygynda suwuň tygşytly ulanylmagy boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Damjalaýyn suwaryş ulgamlary ýurtda gowaça, miweli agaçlarda we üzümçilik meýdanlarynda ulanylýar.

Garagum kanaly bilen suwarylýan ýerlerde suw paýlaýjy täze awtomatlaşdyrylan desgalaryň gurulmagy hem gidromeliorasiýanyň häzirki döwrüne mahsus täzeçil ugurlardyr.

Suwaryş ulgamlary diňe bir geçmişiň inženerlik zehininiň däl, eýsem häzirki döwrüň ylmy-tehniki ösüşiniň hem nyşanydyr. Suwuň tygşytly ulanylmagy — oba hojalygynyň durnukly ösmeginiň esasy şerti bolup, bu ugurda alnyp barylýan işler geljekde hem dowam eder.

Suwy tygşytly ulanmak — tebigata, ykdysadyýete we geljekki nesillere goýulýan iň gymmatly maýa goýumdyr.

 Nurana AZIZOWA 

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 3-nji ýyl talyby