Hasyl toýunyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyny taryhy çeşmeler, halk rowaýatlary tassyklaýar. Gadymy döwürlerde türkmen ilaty ýerden çykýan berekediň diňe adam zähmeti bilen däl, eýsem tebigatyň, Taňrynyň berekedi bilen baglanyşyklydygyna ynanypdyr. Şonuň üçin hem her ýyl hasyl ýygnamak tamamlananda, daýhanlar toý tutup, «bereketli ýylymyz üçin sag bolsun!» diýip minnetdarlyk bildiripdirler.
Bu toýlar diňe bir zähmetiň netijesini bellemek däl-de, jemgyýetiň arasynda agzybirligi, dostlugy, kömekleşmegi pugtalandyrýan jemgyýetçilik ähmiýetli çäreler bolupdyr.
Türkmen halkynyň ýaşaýyş binýady ekerançylyk we maldarçylyk bilen berk baglanyşykly bolupdyr. Oba hojalygyndaky işler diňe ykdysady däl, eýsem ruhy derejede hem aýratyn orun tutupdyr. Daýhanlar ýazda tohum ekilmezden öň, ýerden rysgal dilemek üçin ýörite çäre geçiripdirler. Günüň, ýeriň, suwuň bereketiniň mukaddes hasaplanmagy, halkyň tebigata bolan çäksiz hormatyny görkezýär.
Hasyl toý hem şol düşünjeleriň dowamydyr. Ol türkmeniň «ýere ek, bereketiň bolsun» diýen halk pelsepesiniň janly nyşanydyr.
Türkmen halkynyň baý medeni mirasynda dürli oba hojalyk däpleri bar: galla oragy, pagta ýygymy, suw paýlamak, tohum sepmek ýaly çäreler. Hasyl toý bolsa olaryň iň ulusy hasaplanýar. Bu baýramda halk bir ýere jemlenip, öz zähmetiniň netijesini görýär, şatlyk paýlaşýar, ýaşlara zähmetiň gymmatyny düşündirýär.
Baýramçylyk günlerinde il içinde aýdym-saz, halk oýunlary, milli tagam taýýarlamak däbi dowam edip gelýär.
Bu baýram arkaly halkymyz topraga, zähmete, berekete bolan söýgüsini görkezýär. Hasyl baýramynyň her ýylynda Türkmenistanda öndürilýän önümler, döwletimiziň ösüşleri, halkyň abadançylygy täze derejelere çykýar.
Hasyl toý – bu zähmetiň baýramy, bu topragyň, suwuň, güneşiň baýramy, bu türkmen halkynyň halal rysgaly bilen buýsanjynyň baýramydyr.
Allaguly AGAJANOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby

RU












