Türkmen halky ylym-bilime, kitaba uly sarpa goýýar. Şonuň üçin hem ösüp gelýän ýaş nesle bilim öwretmekde hem, olaryň ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin hem uly aladalar edilýär. Bilim ähli ösüşleriň gözbaşy hasaplanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we kuwwatlylygyny üpjün etmekde ilata ýokary hilli bilim bermegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin hem, ilkinji nobatda, ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünärine ökde ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak bilim ulgamynda aýratyn orna eýe bolup durýar. Munuň üçin bilim işgärleriniň, mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekýändigini aýratyn bellemek gerek. Şeýle işler geljekde ýurduň durnukly ösüşini üpjün etjek ýaşlaryň kemala gelmegine ýardam berýär.

Bilşimiz ýaly, döwletimiz tarapyndan ýaş nesle aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralary, orta mekdepler bilim ulgamynda esasy orun tutmak bilen, olar ilkinji düşünjeleri, bilimleri şu ojaklardan alýarlar. Şonuň üçin hem häzirki zamanyň şertlerine laýyklykda, orta mekdepleriň okuw meýilnamalary kämilleşdirilýär, döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Okuw işine häzirki zaman tehnologiýalary we okatmagyň interaktiw usullary ornaşdyrylýar.

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň bilim edaralarynda döwrebap işler ýola goýulýar. Şeýle hem umumybilim berýän edaralarda okatmagyň usulyýeti has-da kämilleşdirilýär, ýaşlara bilim öwretmegiň iň döwrebap ugurlary işjeň durmuşa ornaşdyrylýar.

Ylym-bilim ösüşleriň hereketlendiriji güýjüdir. Elbetde, munuň özi ylym-bilim ulgamynyň hukuk esasynyň kämilligine we berkligine-de baglydyr. Çünki ulgama degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň binýadydyr.

Gülüstan BEŞIMOWA,

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň mugallymy.