Ýurdumyzyň himiýa senagatyny halkara derejede ösdürmek maksady bilen, döwlet tarapyndan uly serişdeler goýberilýär. Garaşsyz Watanymyzyň dürli ýerlerinde himiýa önümlerini öndürýän döwrebap kärhanalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Olarda dünýäniň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly pudagyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem himiýa önümlerini we çig maly öndürýän hususy kärhanalary gurmak we olaryň işini ýola goýmak, telekeçiligi ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalary bolan hem-de döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Hazar» himiýa, «Balkanabat» we «Bereket» ýod zawodlarynyň, «Guwlyduz» kombinatynyň, «Maryazot» hem-de «Garabogazsulfat» önümçilik birleşikleriniň, Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň we «Dökünhimiýa» kärhanasynyň ýokary önümçilik netijelerini gazanyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.

Pudagyň kärhanalarynyň öndürýän esasy önümleri ýurdumyzyň obasenagat toplumy üçin niýetlenendir. Sebäbi, oba hojalygyny ösdürmäge ýardam etmek himiýa pudagynyň ileri tutulýan wezipesidir. Türkmenistanda öndürilýän mineral dökünleriň we himiýa önümleriniň halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigi bizi hem guwandyrýar.

Annaýewa Ogulmyrat Meredowna,

Lebap welaýatynyň, Çärjew etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň mugallymy.