Ýurdumyzy sanly ulgama geçirmek, täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak maksatlyişler amala aşyrýarlar. Sanly tehnologiýalary dolandyrmagyň usullaryny kesgitleýän hünärmeniň bolan ýerinde kompaniýalar özara bäsleşiklerde täzeden- täze, mümkinçiligi has doly açyp görkezýän enjamlaryň bolmagy bu günki günüň ösen tehnologiki zamanasy üçin zerur şertleriň biridir.Adaty ykdysadyýetde zerurlygyň hem – de ýüz tutmalaryň serhedi örän anyk bölünendir. Ýöne sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen bu serhetler ýuwaş – ýuwaşdan öz ähmiýetini ýitirýär.Çünki adam bu aralykda öndüriji hem – de sarp ediji güýç hökmünde işewürleşýär. Munuň özi bolsa köp ulgamlarda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Hyzmatyň sarp edijilik ukybyny çaltlaşdyrmak hem – de müşderiniň esasy islegini kanagatlandyrmak üçin täze tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen düşündirilýär.Döwletiň ilatyň ösen islegini öwrenmegi, şonuň esasynda- da şol islegi kanagatlandyrmak üçin sanly ulgamy durmuşymyza berk ornaşdyrmak gerekdir. Her birimiziň öýlerimizde, ofislerimizde ýa- da bolmasa, iş ýerlerimizde özümiziň açar sözi bilen açýan,özümiz material bermesek alyp bilmeýän komputerlerimiziň bolmagy häzirki zaman durmuşymyzda uly özgertmeleri ýerine ýetirmek meselelerinde has tygşytly hem – de has wagty hem ykdysady çylşyrymlylygyny günsaýyn täsir bilen adamlara öwretmegiň zamanasynyň gelmegi häzirki zaman ýaşaýjysy bolmagy üpjünçiliginiň toplumyna aýdylýar. Çünki sanly ykdysadyýetiň wezipesi jemgyýetiň üpjünçiligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda dünýägaraýyşyň mümkinçiliklerini giňeltmek , ýagny durmuş keşplerini has täze, ösen ykdysady görnüşe geçirmek bilen şertlendirilýär. Şeýlelikde ol dünýä ykdysadyýetiniň baş görkezijisi hem- de dolandyryjysy hökmünde öňe çykýandygy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde onuň mazmun açary gün geldikçe biziň durmuşymyzy özgerdýär. Taryhyň dowamynda telefon we internetdäki ösüşler adamlara dünýä derejesinde erkin aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berdi. Harby tehnologiýanyň yzygiderli ösüşine häzirki dünýä ykdysadyýetini goşmak bilen ykdysadyýetçilere, meşhur güýmenje synpynyň mundan beýläk-de ösmegine kömek etdi.Tehnologiýa sebäbi has çalt we birnäçe meşhur markalar tarapyndan ulanylmagy sebäplidir. Dünýäde internet ulgamynyň üstünlikleri ýaly hiç bir zat babatynda adamlara täsirini ýetirip bilen däldir. Çünki häzirki döwürde sanly dünýäniň içinde ýaşap, internetden habarsyz bolmak mümkin däl. Çünki interet ulgamynda sähelçe wagtyň içinde döredýär. Innowasiýon tehnologiýalaryň kömegi bilen dünýäniň birnäçe ýurtlaryna ownaşdyrylan sanly ulgamy häzirki döwürde eýse, onsuz göz öňüne getirp bolmajak halda görsegem, ilkinji durmuşa ornaşdyrmalaryň jedelli taraplaryny ýeňip geçmek üçin birnäçe alymlar özleriniň ylmy kitaplaryny ýazdylar.Sanlar arkaly ölçeg birligini çykarmak, meselem islendik ölçeg alýan enjamyň sanlaşmagyny gazanmak meselesinde hem şeýle ösüşiň biziň durmuşymyza gönüden- göni ornaşdyrylýandygyna göz ýetirmek bolar. Hasap ylmynyň esasy shemasyny düzýän detallaryň ýekeme- ýeke sanalyp geçilende sanly ulgamyň esasy özenidigini öwrenmek ilkinji nobatda ýola goýmaly zatlaryň biridir.Täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmagyň esasynda ýatýan ýörüteleşdirlen işgärleriň düzüm birligi hem- de sanly tehnologiýany durmuşa ornaşdyrmakda we onuň ähmiýetine düşünmekde esasy gerekli bolup durýan zatlaryň biri bolan sanly bilimdir. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlarynyň dünýä ýaýramagy bolsa, halkara adamzada köp zatlar babatynda ýeňillikler döretmek bilen bilelikde , üstünligiň açary bolan komputer tehnologiýasynyň gazananlaryny durmuşa geçirmekde , şeýle hem häzirki zaman işewürlik proseslerini durmuşa ornaşdyrmakda komputerleri iň bir uly hyzmat beriji gural hökmünde ulanýar.Nebit we gaz ulgamy – da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. açyşlary etmäge hem uly mümkinçilikler açýar. Şahsy komputerler günümiziň iň wajyp gurallarynyň biridir. Her birimiziň öýlerimizde, özümiziň ykdysady ýagdaýa görä hereket etmek bilen köp zatlaryň üstüni doldurýar.Komputer geçirijilieriniň üsti bieln iunternet ulgamyna hem has ýakynlaşmaga mümkinçilik tapýarys. Komputerleriň güýji hem täsir edijidir. Olaryň operatiw ýatlary bolsa, häzirki döwürde adam ýadynyň edip bilmejek işlerini etmgäge tarap ugrukdyrlandyr. Ýat bu kompýuteriň ișläp durýan wagtynda maglumatlary mașynyň hușunda saklamak üçin ulanylýan gurlușdyr. Komputeri ulanmak hem-de soňrasynda onuň öçürilende hem zyýansyzlandyrylmagy elbetde şahsy komputerleriň adam durmuşyndaky işini hem kesgitleýändir. Ykdysady ösüş ugry häzirki zaman ösüş ugrunyň iň ýokary gatnaşyklarynyň biridir. Tehnologiýa, tebigy baýlyklary adamlar tarapyndan ýönekeý gural hökmünde ulanmak bilen başlandy. Sanly ulgamyny dolandyrmak üçin niýetlenen programma üpjünçiligi ulanyjynyň tehnologiýa hem internet aýrylmaz baglanşyklydyr.Ulgamyny dolandyryp bilmeýändigi, eýesinden başga hiç kimi dolandyrmaýanlygy bilen tapawutlanýandyr. Munuň özi häzirki zaman tehnologiýalar aýratynlygyny işläp düzýär. Taslamasy ýekeje düwmä basmak arkaly adatdan daşary ulanylýan usullar we gurallar, şeýle hem adamlar ýüz tutmalaryň serhedi örän anyk bölünendir. Olaryň deregini hakyky täze dünýäniň keşbi gurşap aldy. Şeýlelikde, görkeziji iki taraplaýyn usullaryň kesgitleme netijesinde çykaran şertli kesgitlemesinde amerikanyň näçe derejede sanly ykdysadyýeti ösen bolsa, sanlaşdyrmagyň mümkinçilikleri artan bolsa, edil şonuň ýaly – da ol ýerde işsizligiň artmagy hem bu iki kesgitleýjiniň bir – birine gapma – garşylykly hallaryny öz içinde jemleýän güýjiň bardygyny subut edýän hadysany ýüze çykardy.Ýurdumyzy ösdürmekde Hormatly Prezidentimiziň alnyp barýan işlere badalga bermeginde sanly hyzmatlarynyň ähmiýeti ýokarydyr.Sanly ulgam täze gapylar, ýagny ýurdumyzda sanly ulgam arkaly edilýän işleriň täzeçe görnüşlerini ýüze çykarmakda uly işler ýola goýulýar.Gelejekde ediljek işlere hem halk bähbitli çözgütlere hem sanly ulgam bilen bagly bolan zatlar munuň şeýledigini subut etdi.Mysal üçin kitap okamakda sanly ulgamyň täsiri hem ýokarydyr. Kitap ynsanyň iň bir söýgüli zadydyr we ol durmuşy subutnamasydyr. Şeýlelikde kitaphanalar beýik medeniýetleri özlerinde jemleýän zatlardyr. Şol sebäpli onuň sanlaşdyrylmagy dünýä kitaphanalaryna gol uzatmaga mmükinçilik berýär. Häzirki wgatda okyjynyň ösen islegini göz öňüne tutup, ýurdumyzyň ösýändiginden habar berýär. Smortfona galtaşmazdan ýörite mobil goşundynyň üsti bilen alnan tölegiň diňe işewür adamlaryň sähelçe sekundyny almagy bu günki gün döwürdeşlerimiz barada ýurdumyzda edilýän aladalaryň biridir. Häzirki zaman töleg terminallarynyň kart ulgamy arkaly amala aşyrylmagy häzriki zaman täze ösüşlere badalga bolan etmek hem-de şol töleglerde ýerine ýetirilen hyzmatlaryň internet tölegi arkaly amala aşyrylmasyny gazanmakdan ybaratdyr. Şeýlelikde ýaşlary döredijilikli zähmet çekip, sanly ulgam arkaly birnäçe işleriň ýurdumyzda ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilik tapýar. Şeýle uly mümkinçilikleri döredip beren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň , Arkadagly Serdarymyzyň başlary dik, janlary sag, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.
Dawut Rejebow
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsyzlyk fakultetiniň talyby

RU












