Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň ösüşine we kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. 17-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” tassyklanylmagy bu ugurda möhüm ädimleriň biri boldy. Bu Strategiýada, aýratyn-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalaryna we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografiki görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine hem-de ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar we emeli aň arkaly bäsleşige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim edaralarynyň abraýyny has-da ýokarlandyrmakda, ýokary hünär bilimi ulgamynyň halkara derejesinde bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmekde, ýokary okuw mekdepleriniň ulgamlaýyn ösüşini we dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde munuň uly ähmiýeti bar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üstünliklere beslenip, täze, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gazanylýan belent üstünlikler eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşini dünýä ýaýýar.

Häzirki ajaýyp döwürde ähli ulgamlarda üstünlikler gazanylýar, täze sepgitlere ýetilýär. Şeýle belent üstünlikleri bilim özgertmelerinde hem görmek bolýar. Bilim ulgamynda ýaşlarymyza ene dilimiz bilen birlikde daşary ýurt dillerini öwretmek esasy öňe sürülýän wezipeleriň biridir. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli berjaý edilýär. Çagalar baglarymyzda, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerimizde dünýä dilleriniň onlarçasy öwredilýär. Häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna berilýän bilimiň halkara derejede bolmagy üçin daşary ýurt dillerini bilmekleri hem-de öz pikirini erkin beýan edip bilmek ukybynyň bolmagy zerur. Türkmen halkynda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen söz hem bar. Ýaşlaryň kämil bilimli, ylmyň soňky gazananlaryndan doly baş çykaryp, öz saýlan ugrundan gory ýetik hünärmen bolmagy üçin dünýä dillerinden baş çykaryp bilmegi ilkinji nobatdaky zerurlykdyr.

Ylym-bilim her bir jemgyýet üçin gymmatly hazynalaryň biridir. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, innowasiýalaryň ösen döwründe giň dünýägaraýyşly, özbaşdak pikirlenip bilýän, ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmek baş maksatdyr.

Otuzbaýewa Gülşirin,

Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň 3-nji ýyl talyby.