Islendik ýurtda gazanylýan ykdysady üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler hem şol döwletiň ylmy derejesine baglydyr. Şu nukdaýnazardan seredeniňde-de, bu günki ylymly ýaş nesillerimize daýanyp, ýurdumyzyň aýdyň geljegine, eşretli ertirlerine bolan ynamymyz has-da artýar. Hut şonuň üçin hem häzirki wagtda Türkmenistanyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanylýan hünärmenleriň bilim derejeleriniň dünýä ülňülerine laýyk bolmagyny gazanmak bilen, olara işi sanly tehnologiýalaryň üsti bilen dolandyrmagyň inçe usullary öwredilýär. Bu başlangyçlaryň netijesinde, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary işine ezber hünärmenler bilen üpjün edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaşlaryň dürli hünärlerden baş çykarmaklary, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredildi. Şolaryň hatarynda Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň wideoaragatnaşyk arkaly daşary döwletleriň tejribeli mugallymlarynyň umumy sapaklaryna yzygiderli gatnaşmaklary, olaryň ylym ulgamynda ýeten sepgitlerini içgin öwrenmäge çalyşmaklary dünýäniň ösen tejribesiniň ýurdumyzyň pudaklaryna ornaşdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa milli ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ugurdaky amala aşyrylýan şeýle asylly işler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar baradaky aladalarynyň aýdyň nyşanydyr.
Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi türkmen jemgyýetiniň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň hem-de çagalar sagaldyş merkezleriniň döwrebap desgalary guruldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda hem ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamyny ösdürmekde guwandyryjy netijeler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär» diýip belleýşi ýaly, bu günki gün türkmen ýaşlary hem ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşyp, ata Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da belende galdyrmakda öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Okap, öwrenip, döredip, ertiriň kämil şahsyýetleri bolmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Ýaraşow Seýitnazar Eminowiç,
Lebap welaýatynyň, Çärjew etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary.

RU











