Ösen ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenilmegi, täze bilimleri özleşdirmegi bilen baglanyşykly döwlet derejesinde tutumly işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda döwrebap orta, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerini gurmak, iň täze bilim usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmek, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini hem-de döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmak babatda ägirt uly tejribe toplanyldy. Şunuň bilen baglylykda iri halkara guramalary, belli bilim we ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikde amala aşyrylýan maksatnamalardyr taslamalar ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini we ornuny yzygiderli pugtalandyrýar.
Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak wezipesini ýerine ýetirmekde ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy işjeň häsiýete eýedir. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň bilelikde alyp barýan işleri häzirki wagtda has-da ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyzyň halkara derejesinde bilim almaklary, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn kämil bolmaklary hem-de eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertleri döredip berýär.
Döwletimiziň nurly geljegi kämil ýaşlaryň ýetişdirilmegine baglydyr. Halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, watansöýüji ýaşlar döwrümiziň hem, jemgyýetimiziň hem bezegidir. Şeýle bolansoň, täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän beýik tutumlaryň düýp özeninde ýaşlaryň röwşen geljegi baradaky alada jemlenendir. Munuň özi ata-babalarymyzyň nesil terbiýesi bilen bagly durmuş ýörelgeleriniň ajaýyp zamanada täze many-mazmuna eýe bolýandygyny hem aýdyň görkezýär. Ýaşlary ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek, halkyň taryhy-medeni geçmişine doly düşünýän, döwletiň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, Watana wepaly, ylym-bilimli nesilleri kemala getirmek bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň özenini düzýär.
Ýurdumyzda ylymdyr bilimiň ösdürilmegi üçin ajaýyp şertler döredilýär, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär hem döwrebaplaşdyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem ylym-bilimi ösdürmegiň esasy ugurlary we ýörelgeleri kesgitlenendir.
Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty durmuşa geçirilýär. Öňde durýan belent wezipeleri amala aşyrmakda ýaş nesliň aň-düşünjesine, gujur-gaýratyna, yhlasly zähmetine daýanylýar. Bu bolsa olara uly ynam bildirilýändigini aňladýar.
Joraýewa Reýime,
Çärjew etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

RU











