Ýurdumyzda 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda tassyklanylan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýanyň düzgünlerini talabalaýyk ýerine ýetirmeklik üçin zerur bolan ähli şertler we mümkinçilikler ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda döredilendir. Munuň özi bolsa, milli Liderimiziň ýaşlaryň döwrebap bilim almaklygyna gönükdirilen atalyk aladalarynyň netijesidir.
Türkmen ýaşlary häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryna erk edip, daşary ýurt dillerini has içgin öwrenmekligiň örän ýeňil usulyýetlerini özleşdirip, öwrenýän dillerini suwara bilýärler.
Häzirkizaman dünýäsinde sanly tehnologiýalaryň ösmekligi bilen daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň we öwretmekligiň usulyýeti hem ýeňilleşdi. Daşary ýurt dillerini öwrenijileriň öwrenýän dilini aňsat özleşdirmekligi üçin niýetlenilen dürli programmalar döredildi. Daşary ýurt dillerini dürli oýunlaryň üsti bilen öwredýän programmalar dili örän çalt we aňsat özleşdirmäge ýardam edýär.
Ylym-bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan özgertmeler, ösüşler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il bähbitli syýasatynyň iň derwaýyslarynyň biridir. Bilim ulgamyndaky öňe sürülýän meseleleriniň biri-de, ýaşlarymyzyň dil öwrenmek meselesidir. Dil öwrenmek ýörelgeleri ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde giňden berjaý edilýär. Ata Watanymyzyň ähli bilim ojaklarynda dil ugruna degişli dersler çuňdan öwrenilýär.
Sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden we şertlerinden ýerlikli peýdalanmaklyk üçin ilkinji nobatda «Halkara dili» diýlip ykrar edilen daşary ýurt dillerini öwrenmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Çünki, daşary ýurt dillerini suwara öwrenen ýaşlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen döwletimiziň bilim ulgamy babatda hyzmatdaşlygy ýola goýan daşary ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylym-bilim merkezleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän uzak aralykdan sapaklaryň, wideoşekilli maslahatlaryň esasynda hünär taýdan kämilleşmäge mümkinçilik alýarlar.
Daşary ýurt diline eýe bolmaklyk halklaryň arasynda dostluk, medeni aragatnaşyklaryň ösmegine, ýaşlaryň dünýä medeniýetiniň ruhuna ýakynlaşmaklaryna, okaýan ýaşlaryň dünýä tejribeleri bilen tanyşyp bilmekligine ýardam edýär. Ol dilleriň arasynda rus dili aýratyn wajyp orun tutýar. Sebäbi ol GDA döwletleriniň arasynda diňe bir medeni aragatnaşyk dili bolman, eýsem işjeňlik dili hem bolup dur. Şonuň üçin hem bu dil ykdysadçylara, telekeçilere we talyplara öwrenmeklik gyzyklydyr we wajypdyr.
Rus dilinde slawýan dillerinde iň giň ýaýran we gürleýänleriň umumy sany boýunça 6-njy orunda durýar. Şonuň üçin köpler iş we kär perspektiwalary üçin rus dilini öwrenmäge synanyşýarlar, käbirleri bilim almak üçin, kimdir biri rus medeniýeti bilen has gowy tanyşmak isleýär.
Jumakulyýwa Sadap Geldimyradowna,
Lebap welaýatynyň, Çärjew etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

RU











