Takyk ylymlar (käwagt Formal ylymlar diýlip hem atlandyrylýar) tebigaty we jemgyýeti öwrenýän tebigy we jemgyýetçilik ylymlaryndan tapawutlanýar. Olar tebigy dünýäniň hadysalaryna däl-de, eýsem, adamyň aňy tarapyndan döredilen abstrakt (mahsus) sistemalary, düzgünleri we kadalary öwrenýärler.Takyk ylymlaryň esasy maksady faktlary ýygnamak ýa-da synaglar geçirmek däl-de, eýsem, kabul edilen kesgitlemeleriň (aksiomalaryň) we logiki kadalaryň esasynda hakykaty (dogrulygy) subut etmekdir.

​Abstraksiýa olar sany, formany, logiki baglanyşyklary we maglumatlaryň gurluşyny öwrenýärler. Bilimler az sanly başlangyç kabul edilen çaklamalardan (aksiomalardan) ybarat bolup, olardan logiki netijeler (teoremalar) alynýar.Dogrulygy Subut Etmek Bu ylymlarda, tebigy ylymlardaky ýaly, gipoteza synag bilen däl-de, eýsem, logiki subutnama bilen tassyklanylýar.

​Logika takyk ylymlaryň esasy diregidir. Ol tassyklamalaryň hakykat ýa-da ýalan bolmagyny we bir tassyklamadan beýlekisine geçmegiň dogry ýollaryny öwrenýär.Logiki subutnama (deduksiýa) arkaly, eger aksiomalar dogry bolsa, ondan gelip çykýan teoremalar hem hökman dogry bolmalydyr.

​Iki esasy görnüşi bar:

​Formal Logika: Simwollar we formulalar arkaly pikirlenmäni formalizirleýär.

​Matematiki Logika matematiki subutnamalaryň esasyny düzýär.Matematika diňe bir hasaplamak däl, eýsem, tebigatda we tehnologiýada bar bolan çylşyrymly gatnaşyklary we gurluşlary düşündirmäge mümkinçilik berýän umumy dil bolup hyzmat edýär.

​Arifmetika (sanlar), Algebra (gurluşlar), Geometriýa (giňişlik) we Analiz (üýtgeşme) ähli tebigy ylymlar üçin esasy guraldyr.Meselem, fizika kanunlary (deňlemeler) bilen beýan edilýär, bulary çözmek üçin bolsa matematiki metodlar gerek.Takyk ylymlar, göni tebigaty öwrenmeseler-de, beýleki ähli ylymlar üçin umumy metodologik bazany üpjün edýärler.

​Tebigy ylymlar (fizika, himiýa) matematiki modelleri ulanyp, hadysalary çaklaýarlar.Jemgyýetçilik ylymlary (ykdysadyýet, sosiologiýa) statistiki we logiki metodlary ulanyp, maglumatlary analiz edýärler.Tehnologiýa (inženerçilik) ähli hasaplamalary we algoritmleri matematika we logika esaslanýar.

Takyk ylymlar adamzat aňynyň döredijiliginiň iň ýokary görnüşi bolup, bütin ylmy we tehnologiki ösüşiň logiki esasyny düzýär.

Açilow Mekan

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 101-nji toparynyň talyby