Britan Muzeýi (British Museum – BM) London, Angliýa şäherinde ýerleşýän, dünýäniň ähli künjeginden millionlarça taryhy we medeni eseri özünde jemleýän iň köne we iň uly muzeýleriň biridir. Ol Adamzadyň taryhyny, sungatyny we medeniýetini bir çatynyň aşagynda birleşdirýän, akyldarlyk we bilim ojagydyr.
Muzeý 1753-nji ýylda Lukman we kolleksioner Ser Hans Sloan (Sir Hans Sloane) tarapyndan ýygnalan kolleksiýanyň esasynda döredilipdir. Sloan, özüniň 71 müň eseri öz içine alýan bütin kolleksiýasyny Britan milletine miras galdyrmagy teklip edipdir. Britan Muzeýi resmi taýdan 1759-njy ýylda Londonyň Blumsberi etrabynda, Montagu ýaşaýyş jaýynda jemgyýetçilik üçin açyldy. Bu, döwletiň eýeçiligindäki, ähli adamlara mugt açyk bolan ilkinji köpçülikleýin muzeýleriň biri bolupdyr.Britan Muzeýiniň ähmiýeti diňe bir ululygynda däl, eýsem, onuň global çägindedir. Onuň kolleksiýasy takmynan 8 million eseri öz içine alýar we ol dünýäniň ähli kontinentlerini we eýýamlaryny gurşap alýar. Muzeý her ýyl millionlarça adamy özüne çekýär, olaryň köpüsi esasy esbaplary mugt görüp bilýärler.Britan Muzeýi dünýä taryhynyň iň täsin we möhüm eserleriniň käbirini saklaýar.
Rozetta Daşy (Rosetta Stone): Bu daş Gündogar taryhyndaky iň möhüm arheologik tapyndylaryň biridir. Ol Müsüriň iýeroglifleriniň manysyny düşündirmäge kömek edip, Gadymy Müsür medeniýetiniň syrlaryny açdy.
Partenon Mermerleri (Parthenon Marbles / Elgin Marbles): Gadymy Gresiýanyň Afiny şäherindäki Partenon ybadathanasyndan alnan mermer heýkeller we relyeflerdir. (Bu eserleriň yzyna, Gresiýa gaýtarylmagy barada dowamly jedel bar).
Müsür Mumiýalary: Muzeýde Gadymy Müsüriň durmuşy, ölümi we medeniýeti barada gymmatly maglumat berýän mumiýalaryň we sargytlaryň iň uly kolleksiýalarynyň biri bar.
Sutton Hu Hazynasy (Sutton Hoo Treasure): Angliýanyň taryhyndaky iň möhüm arheologik tapyndylaryň biri. Ol Angliýanyň irki orta asyrlarynyň (Anglo-Sakson) patyşalyk gämisiniň mazaryndan tapylan altyn we gymmat bahaly zatlardyr.
Muzeýiň täze merkezi, “Nusgawy Görünş” arhitekturasy bilen tanalýar. Täze gurlan şol okalga zaly (Great Court) Ýewropanyň iň uly ýapyk plazasy hasaplanýar. Ol Günorta tarapynda meşhur okalga zaly (häzirki wagtda sergi giňişligi) bilen gurşalypdyr.
Britan Muzeýi taryhyň we sungatyň gapylaryny açýan, global medeniýeti öwrenmek üçin tükeniksiz mümkinçilikleri hödürleýän ägirt uly bir möhùmidir.
Begalyýew Gaýrat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby

RU












